Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar, diýip TDH habar berýär.

Ilki bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa söz berildi.Konserniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň pudagyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek we önümçilige häzirki zamanyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglaryny we düýpli barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D. Çişiýew milli Liderimiziň görkezmelerine laýyklykda, nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky uzakmöhletleýin maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdurmek we giňeltmek boýunça öňde durýan wezipelere iş maslahatyna gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de olary ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribesini ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň tassyklanylan ätiýaçlyklarynyň möçberini köpeltmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.Nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyna göni hem-de gytaklaýyn daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa nebitgaz toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe bu toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi