TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, şanly wakalar mynasybetli açylyp, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri öz wagtynda, şonuň ýaly-da, bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hil derejesinde tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere we paýtagtymyzyň häkimine bu babatda tabşyryklar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini çagyrdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, hususan-da, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdiler.

Hasabatyň barşynda ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň biri bolan ýaz ekişine aýratyn üns berdi.Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, şol sanda ýerleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli taýýarlamak hem-de daýhanlary tohumlar bilen doly möçberde üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň degişli derejede geçirilmelidigi barada aýdyp, agaç nahallarynyň zerur sanyny üpjün etmek, ýerleri ekiş üçin taýýarlamak barada degişli görkezmeler berdi.Soňra Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklaryň geçirilişini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda döwrüň ösen tehnologik önümçiliklerini ornaşdyrmaga, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri atçylyk pudagynda, şol sanda at çapyşyklary döwrebap derejede geçirmekde hem işjeň ulanmagyň zerurdygyny tabşyrdy.

Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek Türkmen alabaýynyň baýramyna we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu baýramçylyklaryň örän uly ähmiýetine ünsi çekip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýlarynyň bäsleşikleriniň ýeňijilerine gowşuryljak baýraklar barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmegiň, halkymyzyň bagtly, abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary