
2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildiб diýip TDH habar berýär.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.Ilki bilen bilim ministri O.Gurbanowa söz berdi.
Ol ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bilim ulgamynyň dolandyryş, düzüm ulgamyny, hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamynda okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw gollanmalaryny peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ulgamda alnyp barlan işleriň netijeleri we şu ýylda meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak hem-de raýatlaryň ömrüni uzaltmak ýaly baş ýörelgelere esaslanýan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, iň ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek üçin ähli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady.
Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sportuň olimpiýa görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalar barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylmyň we bilimiň beýik maksatlara ýetmegiň bähbidine jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlykdygyny nygtady we degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýerine ýetirilen işler hem-de “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça meýilnamalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygyny nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna söz berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň, jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ähmiýetini artdyrmakda hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn ornuň degişlidigini belledi.
Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B.Orazdurdyýewanyň, Myrat Garyyýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowanyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparowyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedowyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kulyýewanyň hasabatlary bilen dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, onuň halkara standartlaryna kybap gelmegini üpjün etmek we ulgama häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň möhüm talapdygyny belledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.