USAID bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ABŞ-nyň Halkara ösüşi boýunça agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.

N. Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy, şeýle hem hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Öz gezeginde, W. Hajyýew hanym Nadiradzäni USAID-iň Türkmenistandaky wekili wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we oňa bu jogapkärli wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň Halkara ösüşi boýunça agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyp, gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň zerurlygyny bellediler. 2021-nji ýylda bilelikdäki işiň ugurlaryna garaldy.

Taraplar Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin С5+1 görnüşli hyzmatdaşlykda tagallalary birleşdirmek barada pikir alyşdylar.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy