Watanymyzyň medeni merkezi

Watanymyzyň medeni merkezi

Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçlyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar.

Aşgabatda milletiň döredijilik we ruhy kuwwaty jemlenendir.Muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp döwrebap binalary, kinokonsert hem-de sergi zallary, açyk sahna meýdançalary we beýlekiler paýtagtymyzyň hakyky bezegi we medeni durmuşynyň merkezleridir.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Astana köçesiniň ugrunda açylan, sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilik berýän “Jahan” döredijilik merkezi bu sanawyň üstüni ýetirdi.Onda nakgaşlyk we ses ýazýan studiýalar, tans toparlary, orkestrler, çagalar hory, aýdym-saz toparlary üçin otaglar we beýlekiler bar.

Döwlet kitaphanasyny, Döwlet muzeýini hem-de Mukamlar köşgüni birleşdirýän Döwlet medeniýet merkezi giň gerimli döredijilik forumlarynyň, şol sanda halkara çäreleriň geçirilýän ýeridir.Döredijilik serişdeleri ýokary hünärli işgärlerden hem ybaratdyr.

Olar paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerde — Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda we täze döwrebap binalarda ýerleşen köp sanly ýörite orta okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar.

Ak mermerli paýtagtymyz hem döredijiligiň üns merkezinde durýar.Ol meşhur şahyrlar we kompozitorlar tarapyndan yzygiderli wasp edilýär.Ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly ajaýyp goşgyny döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik ulgamynyň wekillerine ajaýyp görelde görkezýär.

Ine, şol eserden birnäçe setirler: Aziýaň dür — merjeni, Ak şäherim Aşgabat!Dost — doganlyk merkezi, Ak şäherim Aşgabat!Galkyp ganat gerdigim, Sap söýgüden gurdugym, Ýüregi sen ýurdumyň, Ak şäherim Aşgabat!

Milli Liderimiziň agtygy Kerimiň döreden sazy esasynda bu goşgy söýgüli şäherimize bagyşlanan ajaýyp we ruhubelent aýdyma öwrüldi.Bu eseriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan Aşgabat diýlip atlandyrylan taýçanagyň dogulmagy mynasybetli ýazylandygy bellärliklidir.

Türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň giňden bellenilýän 140 ýyllyk senesi şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.Türkmenistan dünýä giňişliginde diňe bir uly ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz döwlet hökmünde däl, eýsem, ägirt uly ruhy-döredijilik taýdan kuwwatly ýurt hökmünde hem ykrar edilip, giň medeni alyşmalar syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär.

Aşgabatda üstünlikli geçirilýän halkara forumlar we döredijilik çäreleri hem bu babatda möhüm ädim boldy. Şol çäreleriň esasy maksady milli medeni mirasy aýawly saklamakdan we tutuş dünýäde giňden wagyz etmekden, dünýäniň halklary bilen döredijilik we ruhy gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Medeni merkez hökmünde Aşgabat baradaky garaýyş şäher medeniýeti diýen düşünje bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Munuň özi biziň paýtagtymyzyň ekologiýasyna we arassaçylygyna garaýşymyzy öz içine alýan aýratyn düşünjedir. Şu babatda medeniýet şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde, ajaýyp seýilgählerde we seýilbaglarda, bezeginiň täsinligi bilen tapawutlanýan ýaşyl meýdançalarda, tebigatyň ajaýyplyklarynda öz beýanyny tapýar.

Aşgabat juwan şäherdir we şoňa görä-de, onuň geljegi uludyr.Biziň töweregimizdäki durmuş näçe ýagty we gyzykly bolsa, şonça-da biziň mähriban şäherimiziň kuwwaty we mümkinçilikleri artýar.Medeniýet bolsa oňa ruhubelentligi bagyş edýär.

Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi bolan ak mermerli paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek strategiýasynda medeniýete möhüm orun degişlidir.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi