Aşgabat-140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi

Aşgabat-140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi

Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi.Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, olar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.

Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur. Şol desgalaryň hatarynda Olimpiýa şäherjigi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň tomaşaça niýetlenen “Aşgabat” köpugurly stadion hem-de beýlekiler bar.

Paýtagtymyzyň bezegine öwrülen bu sport desgalary ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly gadamynyň alamatyna öwrüldi.Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde, bu gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany örän köpdir.

Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş zehinli türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünligini agzap bolar. Şolaryň biri 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolan Ýulduz Jumabaýewadyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agram derejesinde türgen gyzlaryň arasynda dünýä çempiony diýlip ykrar edilen bu ajaýyp türgeni hormatlamak dabarasy geçirildi.

Häzir dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar.Hut şoňa görä-de, halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň milli maksatnamasynyň, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa hereketiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar.Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň ösdürilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin AOG-niň ýokary sylagyna Hormat ordenine mynasyp boldy. Şu ýerde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň ikisiniň: dünýäde üsti ýapyk suwda ýüzülýän iň uly howuz hökmünde sportuň suw görnüşleriniň merkeziniň hem-de Olimpiýa stadionyny bezeýän atyň şekiliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek ýerlikli bolar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem ählumumy rowaçlygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylda bu halkara baýramy mynasybetli Aşgabatda dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” guraldy. Şondan bir ýyl soň, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde 2019 adamyň gatnaşmagynda “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi.

Bu hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýurdumyz we paýtagtymyz üçin “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur özboluşly şygar astynda geçýän şanly 2021-nji ýyl dünýä sportunyň taryhyndaky nobatdaky möhüm wakalara beslener.

Aşgabat Aziýanyň we Okeaniýanyň IV topar zolagynda Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşynyň saýlama tapgyryna hem-de welotrek boýunça dünýä çempionatyna köp sanly gatnaşyjylary kabul eder. 2022-nji ýylda bolsa Türkmenistanda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Öňde boljak bu ýaryşlar ýene-de bir ajaýyp sport baýramçylygyna öwrülip, halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilik we ynsanperwer maksatlaryna doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge hem-de Watanymyzyň we halkara derejesindäki sport merkezi hökmünde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň abraýyny has-da belende götermäge ýardam eder.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy