Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy.Abraýly halkara düzüminiň baştutany milli Liderimize Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, Milli Olimpiýa komitetiniň ýurdumyzda 2023-2025-nji ýylllarda AOK-nyň Baş Assambleýasyny we onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky resmi teklibine garandygyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Türkmen döwletiniň Baştutanynyň teklibini kabul edýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli çözgüt kabul ediler, şonuň ýaly-da AOK-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanda AOK-nyň Baş Assambleýasynyň hem-de onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň geçiriljek ýyly kesgitlener. Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda Olimpiýa hereketini ösdürmäge berýän yzygiderli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünligi munuň aýdyň subutnamasydyr. Öňki pikir alyşmlara laýyklykda, AOK-nyň ýolbaşçysy Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2023-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda VII Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahyň nygtaýşy ýaly, Awazada VII Aziýa kenarýaka oýunlarynyň geçirilmegi bu zolaga oýunlaryň geçirilýän wagtynda we ondan soňra köpsanly janköýerleriň hem-de syýahatçylaryň gelmegine ýardam eder.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy öz hatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormatyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen