Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň bu wakasy üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulyşmagynyň hasabyna, ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy.Resminamada awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi. Şolaryň iň soňkusyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi.Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi