Özbegistanyň Farhod we Şirin dueti Magtymgulynyň goşgusy esasynda aýdym döretdi

Özbegistanyň Farhod we Şirin dueti Magtymgulynyň goşgusy esasynda aýdym döretdi

Özbegistanyň meşhur estrada dueti Farhod we Şirin beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň Habar ber — şeýledir atly goşgusyna döredilen täze aýdymy köpçülige tanyşdyrdylar. Bu barada HHM habar berdi.

Magtymgulynyň goşgulary Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda, şol sanda Özbegistanda-da meşhurdyr. Özbek aýdymlarynyň ençemesi Magtymgulynyň goşgulary esasynda döredilip, olar Muhiddin Kori Ýokubow, Orif Alimahsumow, Komiljon Otaniýozow, Fahriddin Umarow ýaly aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende bellesek, bu ýyl Özbegistanda hem Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken kararyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler.

Mundan ozal Farhod we Şirin dueti Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň çäginde we beýleki çärelerde, hususan-da, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda uly üstünlik bilen çykyş edipdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy