Pekinde geçirilen COTTM-2018-de Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi bilen tanyşdyryldy

Pekiniň Dünýä söwdasy merkezinde göçme syýahatçylyk we daşary ýurtlara syýahatlar Halkara sergisi—COTTM-2018 acylyp, oňa dünýä ýurtlarynyň 70-sinden kompaniýalaryň 550-ä golaýy gatnaşdy.

Çäre syýahatçylyk bazarynyň ähli ugurlarynyň hünärmenlerini: milli we sebit kompaniýalarynyň, syýahatçylyk operatorlarynyň we syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, awiakompaniýalaryň, awtomobilleri kärendesine berýän kompaniýalaryň wekillerini, deňizde gämili syýahatlary, daşary ýurt syýahatlaryny, göçme syýahatlary, myhmanhana telekeçiliginiň guramaçylaryny, ätiýaçlandyryş edaralarynyň wekillerini, syýahatçylyk enjamlaryny we gurallaryny iberijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň wekillerini birleşdirdi.

Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Ahalsyýahat” kompaniýasynyň diwarçasy abraýly gözden geçirilişe gelenleri Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi bilen tanyşdyrdy. Ýurduň syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçiligi, türkmen halkynyň medeni mirasy, özboluşly binagärlik ýadygärlikleri, ýurduň häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşdyrýan mahabat-maglumat önümleri, şeýle hem milli sowgatlyklar giňişleýin görkezildi.

Serginiň çäklerinde “Ahalsyýahat” kompaniýasyň ýolbaşçysy Gurban Gurbanowyň Hytaýyň we beýleki döwletleriň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, şol sanda özara syýahatçylyk akymlaryny artdyrmagyň, şeýle hem şäherleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

More related articles

Turkish Airlines, Turkish Cargo Services Now Available in Turkmenistan’s Mary
Halkara Syýahat, Dünýä Ulag Hyzmatlary Open Joint Office in Ashgabat
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Hytaý sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi