The new "Duralga" app will provide information on the movement of city buses

The new "Duralga" app will provide information on the movement of city buses

“Türkmenawtoulaglary” agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze “Duralga” ykjam goşundysyny hödürleýär. Ykjam goşundy häzirki wagtda Android we iOS operasion ulgamlaryna ýükläp almak üçin elýeterdir.

“Duralga” programmasy GPS tehnologiýasy arkaly şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketini onlaýn yzarlaýar, şonuň netijesinde bolsa ulanyjy Aşgabadyň islendik ýerindäki awtobusyň hereketi barada maglumat alyp biler.

“Duralga” ykjam goşundysynyň ýerine ýetirýän wezipelerine islendik duralgada başlangyç we ahyrky nokady görkezmek bilen zerur bolan ugry tapmak, jemgyýetçilik ulagynyň duralgasyny gözlemek, gerek bolan awtobusy we onuň häzirki ýerleşýän ýerini anyklamak, şeýle hem ugurlaryň interaktiw kartasy ýaly aýratynlyklar degişlidir.

Ykjam goşundy awtobus ugurlarynyň üýtgemegini hemişe yzarlap durýar we ulanyjylary bu barada degişli habarlar hem-de bildirişler bilen yzygiderli habarly edýär. Geljekde ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen “Duralga” ykjam goşundysynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.

More related articles

Mergen Orazov headed the national football team of Turkmenistan, Turkmen-Chinese cooperation in the space sector, “Demiryollary” launched a new mobile application for buying train tickets and other news
Mother's Day was celebrated at the Cultural Center of Iran in Ashgabat, the Consul General of Turkmenistan met with the Mayor of Kazan, “Daihanbank” is among the leaders in terms of the number of bank cards serviced in Turkmenistan and other news
The head of Tatarstan arrived on a working visit to Turkmenistan, “Turkmen Airlines” opened ticket sales for March 2023, Magtymguly’s poems will be published in Italian for the first time and other news
General agents of the airline...
Uzbekistan agreed on the supply of Turkmen oil, Ashgabat and Kazan will be connected by a direct flight, entrepreneurs from Russia will visit Turkmenistan in April 2023 and other news
The opening of the third phase of the cottage complex took place in the north of Ashgabat, the President of Turkmenistan was awarded the military rank of “General of the Army”, in 2023 Turkmenistan planned to harvest 1,25 million tons of cotton
Turkish Airlines has reduced prices for tickets from Turkmenbashi to Istanbul and back