Türkmenistan Hindistan: köpçülikleýin maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistan  Hindistan: köpçülikleýin maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi, diýip TDH habar berýär.

Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de dünýä maglumatlar giňişligine goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn beýan etmek, halkara gatnaşyklaryny şöhlelendirmek, türkmen döwletiniň halkara derejesinde abrýyny belende götermek maksady bilen kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.

ANI-niň wekilleri şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk ýörelgelerine hem-de ýurdumyzyň maglumatlar syýasatyna esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň liderleriniň özara saparlarynyň barşynda kesgitlenilen esasy ugurlary bu agentlikleriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi.

Taraplar wideoaragatnaşyk arkaly gol çekilen Ähtnama laýyklykda dessin habarlary, Türkmenistanyň we Hindistanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy hakyndaky seljerme makalalaryny yzygiderli alşarlar.Asian News International agentligi Hindistanda, sebitde we tutuş dünýäde 100-den gowrak düzümi özüne birikdirýän Günorta Aziýada esasy multimedia habarlar agentligi bolup durýar.

More related articles

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Hytaý sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi