Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Düýn Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi.Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirildi.Paýtagtymyzda geçirilen welosiped ýörişine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we ýaşlar ýygnandylar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenýän ajaýyp halkara baýramy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi.Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk edýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollary boýunça hereketini dowam etdi.Welosipedçiler topary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça binagärlik toplumlary hem-de gözelligi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoluny dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz welosipedde köpçülikleýin ýörişiň tamamlanýan ýeri bolan Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna geldi.Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişiň tutuş ilatmyzy bedenterbiýe-saglyk hereketine işjeň çekmekde ähmiýetlidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyryljakdygyny belledi.Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň baş şäheriniň arassaçylyk, abadançylyk derejesine, dabaralara görülýän taýýarlyk işleriň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz sport çäresine gatnaşanlar bilen hoşlaşyp, olara üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi