Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy, diýip TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Şol wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.Wise-premýer hasabatyny edermen pagtaçylaryň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýunyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, wise-premýere Oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk işgärlerine mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň wajypdygyny belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimize nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, gözegçilik edýän ulgamlarynda on aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe olar önümçilik meýilnamasyny 118,4 göterim ýerine ýetirdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow on aýda gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap enjamlary satyn almak hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.

Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanan maslahatlara we beýleki çärelere ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.Soňra paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görmek hem-de täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, açylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň öz wagtynda tamamlanmagyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanmagyna birýarym aýyň galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli jemlemek hem-de täze 2021-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, biz galan wagtyň dowamynda köp meseleleri çözmelidiris.

Munuň üçin Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanan mynasyp raýatlarymyzy döwlet sylaglary, täze ýubileý medaly bilen sylaglamak barada teklipleri bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi