Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi.

Ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.

G.Myradow Merkezi saýlaw toparyň we saýlaw toparlarynyň ählisiniň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly ynam edip, özüni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin, mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi hem-de muny uly hormat hem-de bütin halkymyzyň öňündäki ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.Milli Liderimiz G.Myradowa şu saýlawlary geçirmäge gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mejlisiň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlamak barada karara gelendigini habar berdi.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Ýurdumyzda bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy Döwletliler köşgi diýlip atlandyrylýar.

Bu işlerimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň biziň döwletliligimiziň bir sütünine öwrülendigini aňladýar.Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle ykbally adamlar baradaky aladalarymyzyň gerimini has giňeltmek, olary has göwnejaý ýerine ýetirmek üçin, ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öz gazanjyndan ilkinji bolup, täze döreden haýyr-sahawat gaznasyna serişde goýýandygyny habar berdi.

Eger-de, ejize hossarlyk etmegi göwnünde besleýän ildeşlerimiz bar bolsa, olar hem öz halal gazanjyndan hossarlyk gaznasyna serişde geçirip bilerler.Bu gazna daşary ýurtlular üçin hem açyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Täze döredilen gaznanyň serişdeleri şol çagalaryň tölegli saglyk, bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, mynasyp dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin gönükdirilip bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu Karara gol çekdi. Ýurdumyzyň Parlamentiniň ýolbaşçysy G.Mämmedowa milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilýän gazna at dakmak barada teklibi beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda adam hakynda alada döwlet derejesinde iň wajyp gymmatlyk hökmünde garalýar.Döwlet Baştutanymyzyň ata-baba däplerimize eýerip, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny Mejlisiň deputatlary doly goldaýarlar.

Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli parlamentiň ýolbaşçysy täze döredilýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak we bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegine rugsat bermegi Gahryman Arkadagymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.Ol döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ilkinji saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de bu täze parlament düzümine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň adyndan milli Liderimiziň ene-ata howandarlygyna mätäç çagalara kömek we goldaw bermek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky çözgüdiniň doly goldanylýandygyny aýtdy.

Bu çözgüdiň döwlet Baştutanymyzyň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasydygy nygtaldy.Milli Liderimiziň asylly başlangyjynyň türkmenistanlylar tarapyndan doly goldanyljakdygy hem-de daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir, çünki döredilýän Gazna daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin hem açyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak baradaky teklibi goldaýandygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gezeklerinde hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasy hökmünde işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler, şeýle hem milli Liderimizi täze Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bilen gutladylar.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde iş saparynda bolup, ýerlerde öz ugurlary boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz aýdylanlary umumylaşdyryp hem-de mejlisiň netijelerini jemläp, degişli ýolbaşçylara geçirjek iş saparlarynyň netijeleri barada soňra hasabat bermegi tabşyrdy.Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi