Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi.Wise-premýer ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer G.Müşşikow ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridik şahslara ýokary hilli ätiýaçlyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalary kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Resminamanyň taslamasy täze kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.Onda hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde resminamalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemegiň şertleri, ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary has anyk beýan edildi we ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 atly ХХV halkara maslahaty barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tutuş ilatynyň gatnaşmagyndaky bu ägirt uly maksatnamanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň bökdençsiz önümçiligini ýola goýmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk serişdeleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň taslamalary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, banan we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamalary makullap, halkara söwdasynda, harytlary ugratmakda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek, daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de döwletimiziň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatyny dowam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişi tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi hem-de sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem ýurdumyz bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisi tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary