Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy, diýip TDH habar berýär.Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Maliýe-ykdysady toplumyň edaralary şol resminamada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, tehniki-ykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini gazanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan durmuş-ykdysady maksatly desgalarda işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Durdylyýew şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra çykyş Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Täze ýyl baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.Häzirki wagtda dürli öwüşginli tele we radiogepleşikler, konsertler, teatr sahnalary hem-de beýleki döredijilik çäreleri taýýarlanylýar, olar Täze ýylyň öň ýanynda we baýramçylyk günleri halka ýetiriler.

Täze ýyl baýramy mynasybetli ýaýlyma bermek üçin medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanyp, zähmet üstünliklerini gazanýan watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda onlaýyn görnüşindäki gutlaglary ýazgy edilýär.Gazetleriň, žurnallaryň toý bezeginde, baýramçylyk äheňine bolmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar.

Baýramçylyk maksatnamasy teleradiogepleşikleri, sahna oýunlaryny, degişmeli teatrlaşdyrylan tomaşalary we telewizion filmleri öz içine alar.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, abraýly halkara düzümleri bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmelerini geçirmegiň barşy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek wezipeleri hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz eýerýändigini belledi.Bu doktrina halkara bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan berkarar Watanymyzyň howpsuzlygynyň hem-de serhetleriniň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini ugur edinýär.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu günlerde alyp barýan kanunçykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary