Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew taýýarlanan taslamalar, olaryň gurluşyklary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň bezeg aýratynlyklary barada gürrüň berýän taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda “Aşgabat-siti” binagärlik taslamasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamalary aýratyn orun eýeleýär.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimize M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň we açyk sport meýdançasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilen ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada habar berdi.

Görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimize “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary barada hasabat berildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi.Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa söz berdi.

Wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak bilen baglanyşykly gözegçilik işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda, şeýle hem guruljak binalaryň ýerleşjek ýerlerini nazara almak bilen, gurluşyklaryň taslamalary bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Täze binalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyzyň gazananlaryny görkezmegi guramagyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň ýokary çeperçilik derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny, olaryň many-mazmunynyň döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini belledi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreleriň hususan-da, ýaşlaryň arasynda aýratyn terbiýeçilik we watançylyk ähmiýetiniň bardygyny nygtap, şunuň bilen bagly wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi.Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäheridir.

Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezidir.Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi