Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip TDH habar berýär.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi.

Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministrine ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabow Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky” kodeksine hem-de “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleriň taýýarlanylandygyny habar berdi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň ýolbaşçysyna ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Soňra “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda 2020-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygyna Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Gullugyň welaýatlarda ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýolbaşçylyk edýän edarasynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de resmi statistika ulgamynyň işiniň hilini we dolandyryş ulgamyny, statistika maglumatlarynyň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmegiň möhüm meselelerini öz içine alýan özgertmeleriň göwnejaý guralmagynyň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowyň hasabatyny diňläp, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.Milli Liderimiz maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy we işiň täze döwrebap usullaryny gözlemegi baş direktora tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow we “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz banklaryň öňünde durýan wezipeleri we bu ugurda işlenip taýýarlanylan maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere degişli tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur işleri amala aşyrmagy ýolbaşçylardan berk talap etdi.

Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory H.Geldimyradow we Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, degişli ýokary okuw mekdepleriniň bilim meýilnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleriň ylmy taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.Wise-premýer maliýe-ykdysadyýet toplumynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi