Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, diýip TDH habar berýär.

Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy.Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.

Türkmenistanda uly ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesine beslendi.Bu uly baýramyň öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar.

Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr.Binalaryň buýrujylary hökmünde, Aşgabat şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş etdiler. Ýurdumyzyň baş şäheriniň şu künjeginde ulanylmaga berlen täze desgalar okgunly ösýän Aşgabadyň görküne görk goşdy.

Paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti her ýyl iri ýaşaýyş toplumlary, dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär.Türkmen paýtagty soňky ýyllarda gurlan we ulanylmaga berlen ak mermerli binalary bilen haýran galdyrýar. Şeýle hem milli Liderimiziň adyndan 16-njy tapgyryň desgalarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, täze ýol boýunça awtoulaglaryň köpçülikleýin hereketi başlandy. Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir öçmejek sahypany ýazdy.

Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Milli Liderimiziň beýik baýramyň hormatyna täze kitaby