TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz ilki bilen, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa, innowasion ykdysadyýetli, senagat önümçiligi taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek möhüm wezipe bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, işlere ulgamlaýyn çemeleşmek baradaky meseleleriň düýpli seljerilmelidigini aýdyp, bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we bu ugurda ylmyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz gurluşyk, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynyň maliýe meseleleri barada durup geçdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna daşary ýurt banklary tarapyndan berlen karz serişdeleri boýunça emele gelen bergiler barada hasabat berip, häzirki wagtda bu karzlaryň üzlüşmeli möhletlerine laýyklykda, tapgyrlaýyn hasaplaşmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, gurluşyk-senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ulag-aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny we tekliplerini diňledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk toplumynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ugurdaş kärhanalaryň işini kämilleşdirmek, pudaklaýyn taslamalary maliýeleşdirmek we alnan karz serişdelerini öz wagtynda üzmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz degişli işgärleriň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň, hyzmatlary ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegiň möhümdigini belledi we bu babatda ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz oba hojalyk, aýratyn hem, azyk senagaty kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak üçin çäreleriň görlüşi bilen gyzyklandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ministrlik hem-de obasenagat toplumynyň pudaklaýyn edaralary tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary hem-de lagym sorujylary satyn almak üçin daşary ýurt karzlarynyň çekilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen “Saglyk” döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtlardan çekilen karzlar boýunça bergilerine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa hem-de banklaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen, hil taýdan ýokary derejede ösdürmege ukyply, ýaş ýolbaşçylaryň hem-de täze döwlet maksatnamalarynyň zerurdygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalary jemi içerki önümi düýpli artdyrmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer, ahyrky netijede bolsa, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi