Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar, Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de şa serpaýyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.N.Rahymow mynasyp bolan sylag-serpaýy buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize tutanýerli zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň seýisleriniň mynasyp neslini ýetişdirmäge geljekde hem önjeýli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.
Dabara ýurdumyzda öz işini birkemsiz ýerine ýetirýän, güýç-gaýratyny, ussatlygyny, bilim-başarnygyny ajaýyp ahalteke bedewlerimizi ösdürmäge sarp edýän adamlara aýratyn üns we hormat bilen garalýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.Belli artistler, sungat işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, şeýle hem atşynaslar, öz çykyşlarynda Diýarymyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň ygtybarly binýadyny goýýan hem-de türkmen bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzyň atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.Onda milli mirasymyzyň aýawly saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy ugrunda edýän tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.