Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi, diýip TDH habar berýär.Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan strategik taýdan möhüm merkez hasaplanylýan Hazar sebiti ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda golaýda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazarda energetika ulgamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm waka boldy.Mundan başga-da, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzakmöhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda nebitgaz senagatyna, pudaga innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumynda ägirt uly kuwwata hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolan Türkmenistanda nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, anyk netijä gönükdirilen netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy