01.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etmek bilen, ýurtlarymyzyň hem-de dostlukly halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn.Iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH, Kuweýt Döwletiniň Emiri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýylyň baýram edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

HARALD V, Norwegiýanyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!Täze ýyl mynasybetli bagtyýarlyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!MARGRETE II, Daniýanyň Şa zenany. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýylda iň gowy arzuwlar bilen.

TUPOU VI, Tonganyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Şu baýramçylyk günleri geçen ýylyň netijeleri barada oýlanmak bilen adamlar biri-birine hoşallyk duýgularyny beýan edýärler.Goý, 2019-njy ýyl umyt-arzuwlaryň we islegleriň amala aşýan ýyly bolsun! Žýuli PEÝETT, Kanadanyň General-gubernatory. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň!

Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Petsi REDDI ýanýoldaşy bilen. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!Täze ýyl mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy hem-de 2019-njy ýylyň bagtyýarlygyň, saglygyň we parahatçylygyň ýyly bolmagy baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Geçen ýylda maňa bildiren ynamyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bellenilen wezipeleri çözmek üçin Täze ýylda gujur-gaýrat arzuw edýärin.Angela MERKEL, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
02.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
01.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
15.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna gynanç bildirdi
Fransiýanyň 67 ýaşly öňki Prezidenti Olland ilkinji gezek nikalaşdy