01.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebiniň -- Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasy boldy.Bu ýere ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, elleri baýdakly talyp ýaşlar we köpsanly myhmanlar ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz münbere barýar we gutlag sözi bilen çykyş edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow professor-mugallymlara hem-de bilim ulgamynyň ähli işgärlerine ýüzlenip, ýaşlar okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeltmelidir.

Talyp ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygy hemişe ýokary derejede bolmalydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bolsa, öz işleriniň ussatlary bolmak bilen, häzirki zaman enjamlaryny we tehnologiýalaryny okuw işine giňden ornaşdyrmalydyr diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň ýokary hünärli hünärmenler, öz işiniň ussatlary boljakdygyna ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisini ýene-de bir gezek bu günki dabaralar bilen tüýs ýürekden gutlap, dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesýär we binanyň içine girip, täze ýokary okuw mekdebi bilen tanşyp başlaýar.

Umuman, onuň düzümi bilim, önümçilik we innowasion ugurlary bir merkezde birleşdirilmegini göz öňünde tutýar.Dört gatly esasy binada we üç okuw binasynda rektorlyk hem-de bäş fakultet jemagat hojalygy, mehaniki-tehniki, inžener ulgamlary we desgalary, ykdysadyýet we dolandyryş, hünäri kämilleşdiriş fakultetleri ýerleşýär.

Jemagat hojalygy fakultetinde gozgalmaýan emlägi seljermek we dolandyrmak, gurluşyk, awtoulag ýollaryny, köprüleri we nagymlary ulanmak we abatlamak, binagärlik gurşawynyň bezegi hünärler boýunça okuwlar alnyp barlar.Hünär derslerinde binalaryň we desgalaryň tehniki taýdan ulanylyşyna, durkunyň täzelenmegine hem-de düýpli abatlanylyşyna, ýaşaýyş jaý-jemagat toplumynda guramaçylyk-tehnologiki taslamalary taýýarlamaga, gurluşyklaryň menejmentine aýratyn orun berilýär.Mehaniki-tehniki fakultetinde talyplar gurluşyk materiallary kärhanalary üçin ulag, gurluşyk we ýol maşynlary hem-de inžener ulgamlary, elektrik hereketlendirijiler we jemagat desgalaryny hem-de tehnologiki toplumlary awtomatlaşdyrmak bilen baglanyşykly hünärleri özleşdirerler.

Bu ýerde ilkinji gezek ýurdumyzda tehnosfera howpsuzlygy ulgamynda oktmagyň maksatnamasy girizildi.Bu ugur zähmeti goramak, adaty şertlerde hem-de adaty daşary ýagdaýlarda tehnologiki çäreleriň we önümçilikleriň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.Mehanika-tehnologiki fakultetiniň uçurymlary akademiki ylmy-barlag we ylmy-taslama institut¬larynda, jemagat hojalygy toplumynyň, himiýa se¬nagatynyň edara-kärhana¬larynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekerler.Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň düzüminde ýurdumyzyň jemagat hojalygy ulgamy üçin ykdysadyýet we dolandyryş, buhgalter hasaby we audit, şeýle-de maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylar.

Fakultetiň esasy wezipesi täze innowasion tehnologiýalara ylmy-tehniki nukdaýnazardan we ykdysady taýdan baha bermegi başarýan, jemagat hojalygynyň kärhanalarynda maýa goýumlary özleşdirmegiň usullaryndan, maglumat ulgamlaryndan we tehnologiýalaryndan baş çykarýan, marketing seljermelerini kesgitläp bilýän ýokary bilimli ykdysadyýetçileri taýýarlamakdan ybaratdyr.Bazar ykdysadyýetiň häzirki şertlerinde jemagat hojalygy ulgamy üçin ýokary bilimli, giň gözýetimli, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply hem-de daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenler zerur bolup durýar.

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinde hut şeýle hünärmenler taýýarlanylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň baş binasyndan çykyp, inžener ulgamlary we desgalary ýerleşýän beýleki bina tarap ugrady.Döwlet Baştutanymyz inžener ulgamlary we desgalary fakultetinde 3 hünär: ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw serişdelerini goramak, elektroüpjünçilik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin şertler bilen tanyşdy.

Okuw otaglary ýokary okuw ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryldy, şol sanda döwrebap elektron serişdeleri bilen üpjün edildi.Täze ýokary okuw mekdebiniň tejribehanalary GUNT, “Lucas Nuelle” firmalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi.

Olaryň kömegi bilen talyplar dürli abzallaryň işini öwrenerler.Elektron shemalary ýygnamak we sazlamak üçin mümkinçilikler iş ýüzünde awtomatizasiýa serişdelerini döretmegiň tapgyrlaryny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Ýokary okuw mekdebiniň toplumynda jemi 44 sany tejribehana bolup, olaryň arasynda elektronika, tehnologiki işleriň awtomatlaşdyrylan taslamalaşdyrma ulgamlary, gurluşyk materiallary we önümleri, ösümlikleriň biohimiýasy, elektrik, suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş, ýylylyk we gaz üpjünçiligi hem-de beýleki tejribehanalary görkezmek bolar.

Täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz amaly geodeziýa we köprüler tejribehanasyna barýar.Tejribehanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Leica” kompaniýasynyň optiki niwelirleri iş ýüzünde görkezildi.Olar ýer üstündäki nokatlaryň beýiklik tapawutlaryny millimetrik takyklykda ölçemäge mümkinçilik berýär.

Niwelirler ýer üstüniň relýefini karta geçirmekde, awtomobil we demir ýollarynyň, köprüleriň, köprügeçelgeleriň, tonnelleriň, aerodromlaryň-ae-roportlaryň, jaýlaryň, gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda taslama beýikliklerini ýerinde geçir¬mekde giňden ulanylýar. “Disto” lazerli uzaklyk ölçeýji 200 metre çenli uzaklygy 1 mm takyklyk bilen ölçemäge mümkinçilik berýän abzaldyr.

Onuň içine oturdylan programmalar gurluşyk meýdançalarynda, jaýlarda çyzyklaryň uzynlyklaryny, jaýyň içiniň meýdanyny, göwrümini kesgitlemäge, dürli uzaklykdan jaýlaryň diwarlarynyň inini, boýuny ölçemäge mümkinçilik berýär.Hormatly Prezidentimiz şeýle hem önümçiligi awtomatlaşdyrmak tejribehanasyna baryp gördi.

Okuw otaglaryndan we tehnologiki tejribehanalaryndan başga-da, ajaýyp kitaphana ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň ygtyýaryndadyr.Kitaphana ýörite gurlan iki gatly binada ýerleşýär.Täze binalar toplumynda medeni-döredijilik işleri, aýdym-saz, tans, çeper döredijilik bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilendir.

Mysal üçin, toplumyň ýakynynda gurlan bina mejlisleri, konsertleri, belli adamlar bilen duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenendir.Onda 600 we 100 orunlyk sergi zallary, 25 orunlyk WIP zal bolup, olar tehniki taýdan iň çylşyrymly çäreleri, şol san¬da ylmy we ýokary okuw mekdepleriň bilelikdäki maslahatlaryny geçirmek, kino tomaşa etmek, teatr we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny guramak üçin iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir.Täze ýokary okuw mekdebiniiň binalar toplumynda ajaýyp sport toplumy gurlupdyr.

Bu şäherçede talyplar, ýaş hünärmenler we mugallymlar üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary üçin hem giň ýer çägi bölünip berlipdir.Umumy ýaşaýyş jaý 87 sany ýaşaýyş bölümçelerine bölünip, olaryň hersi 2, 4 we 5 adama niýetlenendir.

Her gatda aşhana, myhman otagy, eşik ütüklenilýän otaglar we beýlekiler bar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlykdan soň, täze ýokary okuw mekdebiniň kiçi zalyna bardy we şu günki şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň täze binalar toplumyna tarap ugrady.Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň iň ilkinji hem-de iň iri ýokary okuw mekdepleriniň biridir hem-de häzirki wagtda iri ylym-bilim we medeni merkez bolup durýar.

TDU-nyň täze binalar toplumynyň ýanynda hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlar ýygnandy.Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we TDU-nyň himiýa fakultetiniň merkezi binasyna girýär.

Döwlet Baştutanymyz giň eýwanda guralan sergi bilen tanyşýar.Multimediýa ekranlarda ýurdumyzyň köpsanly tebigy baýlyklary, innowasiýa tehnologiýalary barada maglumatlar peýda bolýar, şol baýlyklaryň binýadynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilýär. Şeýle hem bu ýerde, Türkmenistanyň çäklerinde açylan känleriň dürli peýdaly baýlyklarynyň nusgalary hem-de elektron kartasy, Mendeleýewiň himiki elementleriniň periodiki ulgamy görkezilýär.Aýratyn diwarlyklarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ylmy işleri we çeper eserleri goýlupdyr.

Manitor arkaly TDU-nyň himiýa fakulteti barada anyk maglumatlary alyp bolýar.Bilim ministrliginiň buýrmasy boýunça TDU-nyň himiýa fakultetiniň häzirki zaman binalar toplumyny Türkmenistanyň şäher-gurluşyk ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşy hem-de tutuş uniwerisitet şäherjiginiň potratçysy bolan Fransiýanyň “Buig Batiman International” kompaniýasy tarapyndan bina edildi.

Bu ýerde bir wagtyň özünde 1000 talyp bilim alar.Biri-birine ýanaşyk ýerleşýän üç gatly binalarda - merkezi we iki gapdal binada leksiýa we tejribe sapaklaryny geçmek üçin 35 okuw otagy ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde 22 himiýa tejribehanasy we diplom işlerini ýerine ýetirmek üçin 4 tejribehana, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin 8 lingofon okuw otagy, 13 kompýuter otagy göz öňünde tutulandyr.

Mundan başga-da, IMAС programmalaşdyryş hem Android ykjam telefonlary okuw otaglary, döredijilik tejribehanalary, 100 orunlyk okalga zaly, multimediýa zaly, ýolbaşçylar, fakultetiň professorlary we mugallymlary üçin iş we usulyýet iş otaglary, kafeteri ýerleşýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinden talyplaryň sanynyň köpelýändigi göz öňünde tutulyp, şeýle hem TDU-nyň halkara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigi hasaba alnyp, 644 orunlyk amatly umumy ýaşaýyş jaýy guruldy.

Toplumyň çäklerinde sport meýdançalary gurnaldy, olarda şol sanda gimnastika, kiçi futbol, basketbol we boleýbol oýunlary bilen meşgullanyp bolar.Taslamada ýapyk awtoduralgalar, ussahana, tehniki jaýlar, dürli kömekçi binalar göz öňünde tutulandyr.

Fakultetiň ähli okuw otaglary innowasiýa kompýuter programmalary bilen üpjün edilen iň häzirkizaman köpugurly tehnika bilen enjamlaşdyrylandyr.Okuw otaglary ýokary tizlikli monobloklar bilen enjamlaşdyrylandyr, olar talyplara çalt depginde himiýa amallaryň çylşyrymly modellerini döretmäge hem-de alnan maglumatlary özleriniň ylmy barlag işlerinde peýdalanmaklaryna mümkinçilik berýär.

Internete islendik nokatdan: okuw binasyndan, umumy ýaşaýyş jaýyndan, kafeteriden birleşmek mümkindir.Fakultetde iň häzirkizaman synag binýady döredilendir.Olar halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw we umumy hem-de organikidäl himiýa, himiýa tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen okuw barlag tejribehanalary, organiki, seljerme, bioorganiki däl, fiziki, kolloid himiýa, şeýle hem daşky gurşaw himiýasi, biohimiýa, okatmagyň usulyýetleri, ýokary molekulýar birleşmeleriň himiýasy, seljermeleriň fiziki usulyýetleri tejribehanalardyr.

Olaryň ählisi multimediýa we ýörite tejribehana enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.Fakultetiň enjamlaşdyrylyş bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimize ýurdumyzyň beýleki okuw mekdepleri bilen teleköprüleri ýola goýmagyň mümkinçilikleri görkezildi.Hormatly Prezidentimiz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň talyplaryny we mugallymlaryny şanly sene bilen ýene bir gezek gutlady we olara okuwda we işde uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy goýup, ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar
Multimediýa tagtasy
Bilimler we talyp ýaşlar güni täze bilim edaralarynyň açylmagy bilen beslendi
17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
16.11.2017 | Türkmenistan telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýär