01.11.2019 | Manadyň gymmaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün edýär

Şu gün paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şanly sene mynasybetli Gutlagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär.

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi.Milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalary bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhy, bank ulgamynyň ösüşi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi berkitmäge gönükdirilen maliýe syýasatynyň orny, ykdysady ösüşiň şertleri bolup durýan banklaryň takyk statistikasy hem-de karzlaşdyrma işi, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmek çykyşlaryň özenini düzdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bank ulgamynyň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda, IT-tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň döwrebap ulgamyny döretmek, ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Halkara ölçeglerine laýyklykda, banklaryň maliýe hasabatlylygyny geçirmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de hyzmatlaryň täze derejesine çykmak, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, görülýän anyk çäreler barada çykyşlar edildi, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli girýän şertlerinde iri daşary ýurt banklarynyň tejribesini öwrenmegiň, maliýe ulgamyna dolandyrmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmagyň aýratyn möhümdigi bellenildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan batly depginler bilen öňe gidip, sazlaşykly ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.Düýpli özgertmeler ähli ugurlarda geçirildi, bu bolsa, dürli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösmegini üpjün edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz programma ugurly binýada esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň täze nusgasyny döretmäge girişdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine goşulyşmagyny hem-de umumy dünýä meýillerini nazara almak bilen, durmuş ugurly, çeýe ykdysady maksatnamany işläp taýýarlady.

Maslahatda bu nusganyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanmagy bilen baglylykda, halkara bilermenlerinde, seljerijilerinde, syýasatçylarda uly gyzyklanma döredýändigini nygtaldy.Munuň şeýledigini abraýly jemgyýetçilik we maliýe guramalary ykrar edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasy (HPG), Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB), Aziýanyň ösüş banky (AÖB), Yslam ösüş banky (YÖB) we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns berildi. Çykyş edenler maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagynyň makroykdysady görkezijileriň durnukly ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň önümçilik pudagynyň ösmegine, ýangyç-çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän kuwwatlyklary giňeltmäge ýardam edýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda, döwlet tarapyndan milli ykdysadyýetiň möhüm bölegine öwrülýän hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, amatly hukuk, maliýe we durmuş şertleri döredilýär.Olar maliýe ulgamyny kämilleşdirmekden hem-de telekeçilik işini hasaba almakdan we resmileşdirmekden, ýeňillikli karzlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Geçirilen çäreleriň netijesinde, milli pulumyz — manat döwrebap elektron görnüşde hem işjeň hereket edýär.Türkmenistanlylaryň Altyn asyr bank kartlaryny hem-de Visa we Master Card halkara töleg ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry açdy.

Bulardan başga-da, söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary, şol sanda Internet arkaly hasaplaşyklary geçirmek maksady bilen, degişli töleg ulgamy ornaşdyryldy.Bellenilişi ýaly, bu ulgamyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, goýumçylaryň we maýadarlaryň bähbitlerini goramak arkaly olaryň ynamyny artdyrmaga gönükdirilen işleri alyp barýarlar.

Bu bank ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, ipoteka karzlaşdyrmanyň, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň möçberini artdyrmak ýaly işlerdir.Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda täze bank önümleriniň we hyzmatlarynyň artykmaçlyklaryny, maýa toplamalarynyň hem-de ykdysady ösüşiň özara baglanyşygyny düşündirmek maksady bilen, goýumçylar üçin maglumat bermek işlerini guramagyň we geçirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Bank işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda, Karz edaralary we bank işi hakynda, Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda, Karz birleşmeleri hakynda, Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda, Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda Türkmenistanyň Kanunlary halkara ölçeglerine kybap getirilýär.

Banklaryň täze döwrebap edara binalary gurulýar, olaryň maliýe we maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär, işgärler kuwwaty berkidilýär, ýurdumyzda we daşary döwletlerde guralýan okuwlar we forumlar arkaly işgärleriň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyzy geljekde hem bir bitewi döwlet pul-karz syýasatyny amala aşyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek we ony täze sepgitlere çykarmak boýunça öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri netijeli çözmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň çäginde guralan sergi pul nyşanlarynyň nusgalary, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan ýubileý hem-de ýadygärlik şaýy pullarynyň toplumlary, milli baýlygymyzyň bölegine öwrülen altyndan we kümüşden ýasalan zergärçilik sungatynyň önümleri, ýurdumyzyň pulşynaslygynyň taryhy hakynda neşirler bilen tanyşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara halkara ulag gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler, agyz-burun örtüklerini haýsy ýagdaýlarda dakynmaly
Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär
AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN “TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi