02.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer 2018-nji ýylyň iki aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy.Iki aýyň jemleri boýunça bölek satuw-haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 18,1 göterim köpeldi.

Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy.Harytlaryň we önümleriň eksporty 18 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2 milliard manada we çykdajy bölegi 1,9 milliard manada deň boldy.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşyklaryndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 63-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 416,9 müň inedördül metrden gowragynyň, dürli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy we jemi 172,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen teklip edilýän anyk çäreler barada-da hasabat berdi.Hususan-da, milli Liderimiziň maslahatlary nazara alnyp işlenip taýýarlanylan hem-de degişli pudak edaralary bilen ylalaşylan maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Resminamada ýakyn geljekde bu ulgamda hereket edýän kanunçylygy seljermek we olara zerur üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek, ýaşlary işe ýerleşdirmek barada döwlet statistiki hasabatlylygynyň görnüşini girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy boýunça şertleri döretmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ýa-da satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer ilatly ýerleriň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna teklipleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, garalýan döwürde ykdysady görkezijileriň, umuman, ähli ulgamlarda durnukly ösüşi häsiýetlendirýändigini belledi. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine netijeli gözegçiligi üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmek hem-de göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin netijeli çäreler görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz hödürlenen Maksatnamanyň taslamasyny makullap, degişli Karara gol çekdi we bu resminamada bellenen işleri öz wagtynda ýerine ýetirmek meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny we beýleki nebit önümlerini, suwuklandyrylan, tebigy we ugurdaş gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek, maýa goýumlaryny özleşdirmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi.

Wise-premýer Türkmenistan Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy barada hem hasabat berdi.Onuň gurluşygy bellenilen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýerden nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak üçin degişli çäreleri görmegi, pudaklaýyn kärhanalar we guramalar tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň üçin ähli şertler bar: ýurdumyz tebigy gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýedir.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumlarynda hem-de Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynyň meýilnamasy 109,9 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 103,4 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberiniň meýilnamasy 100,4 göterim berjaý edildi we ösüş depgini 117,6 göterime barabar boldy.Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilanama 108,9 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 111,1 göterime deň boldy. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynda desgalary gurmak boýunça ýerine ýetirýän işleri barada aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Wise-premýer Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama hem-de Tähran köçeleriniň aralygynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň umumy meýilnamasy barada aýdyp, bu ýerde 12 gatly 72 öýli jaýlaryň onusyndan we 12 gatly 48 öýli jaýlaryň altysyndan ybarat ýokary amatlykly tutuş toplumyň emele geljekdigini, şeýle hem 5564 metr uzynlygy bolan awtomobil ýolunyň guruljakdygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda medeni-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini, pudagyň maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça zerur çäreleriň görülmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz jemagat hojalygy gullugynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, Aşgabat şäherinde köçeleriň ugrundaky baglara, güllere degişli derejede ideg etmek meseleleriniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, Energetika ministrliginiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde döwrebap binalary we desgalary gurmak hakyndaky Karara gol çekip, wise-premýere ony ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow ýurdumyzyň senagat toplumynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 125,7 göterim ýerine ýetirilip, 105,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 116,1 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 105,3 göterim derejesinde boldy. Şu ýylyň geçen iki aýynda pudagyň haly kärhanalary tarapyndan haly we haly önümlerini taýýarlamagyň meýilnamasy 123,5 göterim berjaý edildi hem-de onuň ösüş depgini 106,6 göterime deň boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça hasabat döwründe önüm taýýarlamagyň meýilnamasy 103,1 göterim ýerine ýetirildi.

Onuň ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy.Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça umumy önümçiligiň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, senagat toplumynyň öňünde ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak arkaly, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ylmy we ýokary tehnologiýalar esasynda hereket edýän kärhanalaryň binýadynda kuwwatly önümçilik düzümini döretmek boýunça maksatlary ýerine ýetirmek babatda ägirt uly wezipeleriň durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň milli ykdysadyýetimizi täze belentliklere çykarmaga, ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyna, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat pudaklarynyň ösüş depginini çaltlandyrmak, öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerinde geçen iki aýyň dowamynda gazanylan görkezijiler barada hasabat bermek bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça ösüş depgininiň geçen ýylyň geçen döwri bilen deňeşdirilende, 6,9 göterim artandygyny belledi. Öndürilen önümleriň möçberi boýunça ösüş depgini 5,1 göterime ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýanwar-fewral aýlarynda söwdalaşyklar geçirilip, jemi 3614 şertnama bellige alyndy.Umumy girdejiniň meýilnamasy 118,8 göterim ýerine ýetirildi.Söwda-senagat edarasy tarapyndan 3 million 115,6 müň manatlyk hyzmat işleri ýerine ýetirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda 96 million manatlyk senagat, 133 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi.Geçen ýylyň degişli iki aýy bilen deňeşdirilende, olaryň möçberi degişlilikde, 20 göterim we 10,8 göterim ýokarlandy. 264,2 million manat möçberinde gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi.

Haryt dolanyşygy boýunça ösüş depgini 3,2 göterime barabar boldy.Hyzmatlar ulgamynda 162,5 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, 2,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna daşyndan getirilýän azyk önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagyna, hususan-da, guşçulyk toplumlarynyň döredilmegine gönükdirilen kärhanalary ösdürmek boýunça geçirilen çäreler esasynda taýýarlanylan Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň degişli düzümleriň işleriniň kämilleşdirilmegine, içerki bazarlarymyzda ýurdumyzda önldürilen ýokary hilli harytlaryň giň görnüşleriniň, şol sanda azyk önümleriniň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzyň uly eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselelerine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karary makullap hem-de gol çekip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan kem bolmadyk önümleriň önümçiligini mundan beýläk-de artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleriň doly herekete girizilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek işlerine hususy bölegiň wekilleriniň işjeň çekilmelidigini aýdyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ony bazar gatnaşyklaryna geçirmekde telekeçilige aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan çäreler, döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 1 million 412 müň 717 nusgalykdaky 52 görnüşi, şol sanda 18 görnüşli okuw kitaplary çap edildi. Şunda, meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. “Galkynyş” kitap merkezi hasabat döwründe ýurdumyzyň kitaphanalaryny 2 müň 700 nusgalykdaky kitap önümleri bilen üpjün etdi.

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe gysga metražly we doly göwrümli filmler, çeper-publisistik hem-de hronikal-dokumental filmler taýýarlanyldy. Ýanwar-fewral aýlarynda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 4 millon 895 müň manada barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.Milli Liderimiz medeniýet ulgamy boýunça ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda meýilleşdirilen ähli çäreleriň häzirki döwrüň ýokary döredijilik ruhuna laýyk gelmelidigini, milletimiziň ahlak we medeni taýdan baýlaşmagyna ýardam etmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda dünýäniň medeni ösüşiniň merkezleriniň biri bolan gadymy Merwiň ýadygärlikleri ýa-da heniz hiç ýerde bolmadyk, Köýtendag ýaly şeýle özboluşly taryhy we medeni desgalar bar.

Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň syýahatçylar üçin örän özüne çekijidigini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek boýunça degişli maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Altyn asyryň altyn zehinleri” bäsleşiginiň çäklerinde, ýurdumyzyň etraplarynda, şäherlerinde we welaýatlarynda döredijilik taslamalary boýunça bäsleşikler, ders olimpiadalary geçirildi. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde netijeli çykyş edip, iki kümüş we iki bürünç medal eýelediler.

Olar Internet bäsleşikleriniň netijeleri boýunça dürli derejeli diplomlaryň 942-sine mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara Internet bäsleşiklerine gatnaşyp, 7 altyn, 1 kümüş medal hem-de dürli derejedäki diplomlaryň 11-sini eýelemegi başardylar.

Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary baýrakly orunlara mynasyp bolup, birnäçe diplomlary, hususan-da bir altyn we üç kümüş medal gazandylar.Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa halkara internet bäsleşiklerinde 9 kümüş medala mynasyp boldular. Ýylyň başyndan bäri okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 24-si neşir edildi.

Hasabat döwründe 2018-nji ýylyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli bilim ulgamynda ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny” ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Wise-premýer Ylymlar akademiýasynyň işi barada aýtmak bilen, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň 21-siniň, gollanmalaryň 28-siniň, okuw maksatnamalarynyň 25-siniň, bir monografiýanyň we ylmy neşirleriň bäşisiniň golýazmalaryna seredilendigini habar berdi. Şu döwürde “türkmen halyçylyk sungatyny UNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizmäge hödürlemek üçin degişli düzümler bilen ylalaşykda zerur resminamalar taýýarlanyldy.

Hasabat döwründe Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 111 göterime barabar boldy.Hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdejiniň möçberi 106 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan umumy girdeji 107 göterime deň boldy. Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 30-sy we köpçülikleýin sport çäreleriniň 10-sy geçirildi.

Türkmen türgenleri halkara bäsleşikleriniň 14-sine gatnaşyp, 23 medal eýelediler. Şolaryň 6-sy altyn, 8-si kümüş we 9-sy bürünç medallardyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli özgertmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumlaýyn çözgüdiniň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň häzirki zaman dünýä ölçeglerine kybap gelýän usullaryny işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ähli ulgamlardaky düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ylym ulgamyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly düýpli we amaly barlaglaryň gerimini giňeltmek üçin zerur şertleriň döredilmegi ulgamyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçilik möçberleriniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 105,8 göterime, şol sanda Oba we suw hojalygy ministrligi boýunça -- 103,8 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça -- 109,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça -- 112,4 göterime “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 105,7 göterime barabar boldy. Şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak we dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly wajyp agrotehniki çäreleriň geçirilişi hem-de gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýaz ekişine görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem de welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleri bilen bilelikde daýhan hojalyklarynyň ekerançylyk meýdanlaryny uzakmöhletleýin peýdalanmaga daýhan hojalyklaryna we hususy önüm öndürijilere tapgyrlaýyn esasda bermek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna ýüzlenip, öňde boljak ekologiýa çäresiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, 21-nji martda Halkara Nowruz baýramynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçiriler.Bu ýerde Nowruz baýramyny geçirmek üçin ýörite merkez bar.

Onda sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar.Hormatly Prezidentimiz ýowardan öň ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň bag ekmeli ýerlerini kesgitlemek, geçiriljek çäreler üçin jogapkär adamlary bellemek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy düzümleriň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleriniň wajypdygyny belledi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen iki aýyň dowamynda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistana DIM-niň üsti bilen daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň 87-si geldi. Şol bir wagtyň özünde türkmen wekiliýetleriniň 93-si daşary ýurtlara ugradyldy. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň 39-sy, şol sanda maslahatlar we duşuşyklar guraldy.

Halkara resminamalarynyň 12-sine gol çekildi. Şu ýylda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň 10-sy geçirildi. Şeýle hem ýanwar-fewral aýlarynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisi we türkmen-italýan işewürler forumy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna sebitde we ählumumy derejede oňyn ýagdaýlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri ulgamlaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de bu ugurdaky halkara tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlaryny ilerletmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleýin hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ozal gazanylan degişli ylalaşyklara laýyklykda, öňde boljak foruma Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiniň iberiljekdigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýewi şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň şu ýylyň başyndan bäri geçiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.Hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň birisi geçirilip, onda kanunlaryň we kararlaryň 12-si, şol sanda Türkmenistanyň Kanunynyň üçüsi, Mejlisiň kararlarynyň dokuzysy kabul edildi.

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, iş toparlarynda milli ykdysadyýetimiziň we beýleki ulgamlaryň okgunly ösdürilmegine, türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam edýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň mart aýynda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmek dowam etdirilýär.Mejlis tarapyndan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary bilen bilelikde welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde okuw maslahatlary guraldy.

Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy, degişli saýlaw okruglary boýunça raýatlaryň 284-si Mejlsiň deputatlygyna dalaşgärlige hödürlenildi.Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Mejlis BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen ýola goýlan özara gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň häzirki ösüşini hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki saýlawlara taýýarlyk görmek meselelerine degip geçip we türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda olaryň ähmiýetini belläp, şu jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň ähli meselelerini berk gözegçilikde saklamagy, saýlawlaryň açyk we aýdyň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy tejribesi hem-de demokratik hukuk döwletiniň ösüş ýolunda gazananlary bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň jemini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri berkarar döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýändigini belledi.Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty üýtgewsizligine galýar. 25-nji martda ýurdumyzda örän möhüm syýasy çäräni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljekdigini belläp, milli Liderimiz ozalky saýlawlar ýaly, şu saýlawlaryň hem köp dalaşgäriň gatnaşmagynda, demokratik, hakyky bäsleşik, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçjekdigine ynam bildirdi. Şeýlelik bilen, bu çäre ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşyna halk häkimiýetiniň kadalaryny ornaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösüş depginini durnukly saklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Kabul eden ähli ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.Jemi içerki önümiň ösüşi, öňküsi ýaly, häzir hem gowy derejede saklanyp galýar.Geçen döwür bilen deňeşdirilende ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy.

Hasabat döwründe göz öňünde tutulan möçberde senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar ulanmaga berildi. Ýakynda Türkmenabat şäherinde täze Halkara howa menzili, Owadandepede bolsa uly aýna kärhanasy ulanmaga berildi.

Kabul edilen maksatnama laýyklykda, Türkmenistan energiýa serişdelerimizi diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna ibermek, şeýle hem beýleki sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça syýasaty üstünlikli dowam edýär.Mälim bolşy ýaly, 23-nji fewralda Serhetabatda TürkmenistanOwganystan PakistanHindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçiriljek böleginiň, şeýle hem TürkmenistanOwganystanPakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze SerhetabatTurgundy demir ýolunyň hem işe girizilendigini aýtdy.

Bu taslamalar uly syýasy, ykdysady we ynsanperwer ähmiýete eýe bolup, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly itergi berer diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem, TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly maksatnamamyzyň çäklerinde birnäçe halkara sport çärelerine badalga berildi.

Bu iri halkara we sport çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli bu çäreleri taýýarlamaga hem-de geçirmäge gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz has tapawutlananlary höweslendirmegi, eger maksadalaýyk bolsa olary döwlet sylaglaryna hödürlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz heniz çözülmän duran ençeme meseleleriň hem bardygyny bellemek bilen, olary ara alyp maslahatlaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň gün tertibine girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýerleriň häkimler bilen bilelikde bar bolan meseleleri çözmek boýunça alnyp barylýan işleri, geçirilýän özgertmeleri, garamagyndaky pudaklarda desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, aýratyn-da, ilatymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda sporty wagyz etmek syýasatyna bagyşlanan ýene-de bir kitabyň neşir edilendigini belledi.Ol kitap Arkadag taglymatysagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady diýlip atlandyrylýar.Mejlise gatnaşyjylara bu kitaby gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer P.Agamyradowa, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde bu täze kitabyň tanyşdyrylyş çäresini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikler, ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa “Türkmenistan-- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän ýylda gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar