02.06.2019 | YHDG: GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy GDA yurtlarynyň giňişligini berkitmäge saldamly goşant goşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!Aşgabatda 2019-njy ýylyň 14 — 17-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi.

Forum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bitewi ynsanperwer ulgamyny giňeltmäge mynasyp goşant goşmak bilen, giň halkara ykrarnama eýe boldy we ylym, medeniýet ulgamynda köp sanly täze köpugurly gatnaşyklaryň emele gelmegini şertlendirdi.

Bu çäre GDA ýurtlarynyň ählisiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.Forum biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.Size forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berendigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň!

Oňa gatnaşyjylar güneşli Aşgabatda bolmagyň her pursadynda türkmen kärdeşleriniň mähirli gatnaşyklaryny we aladasyny duýdular.Forumyň geçirilmegine örän çynlakaý taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygy şübhesizdir we yhlasly hem-de oýlanyşykly tagallanyň netijesinde ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň Aşgabatda geçirilen XIV forumy ýokary halkara derejedäki ajaýyp çäre hökmünde oňa gatnaşyjylaryň ýadynda galar.

Aşgabat — gözelligi boýunça ajaýyp şäher.Biz, çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaga, ýurduň durmuşy barada köp zatlary bilmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirýäris. Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, beren goldawyňyz üçin Size ýene bir ýola hoşallyk bildirmäge, alyp barýan döwlet işiňizde üstünlik arzuw etmäge rugsat ediň!

Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýäris.Polat Bülbül ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, M.Ý.Şwydkoý, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili, A.G.Iksanow, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji direktory.

Ýene degişli makalalar

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk dostluk we parahatçylyk ýoly
15.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Türkmenistanyň Prezidenti elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp düzmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň 16-njy sammitinde çykyş etdi