03.04.2019 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi, onda saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerinde geçip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda başyny başlan oňyn özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Saýlawçylaryň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşandygy bellenildi.Hususan-da, saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna şol okruglaryň çäginde ýaşaýan adamlaryň 73 müň 106-sy gatnaşdy, bu görkeziji saýlawçylaryň sanawa girizilen umumy sanynyň 91,12 göterimini düzdi.

Dalaşgäriň bir ornuna birnäçe adamyň bellige alnandygyny nygtamak gerek.Möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ornuna Daşoguz welaýatynyň 54-nji Baýdak saýlaw okrugy boýunça Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa; Mary welaýatynyň 106-njy Wekil saýlaw okrugy boýunça Ata Öweznepesowiç Serdarow; 109-njy Sakarçäge saýlaw okrugy boýunça Mekan Çaryýewiç Gurbanow saýlandylar.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda milli parlamentiň saýlanylan deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy. Şol pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy edarasynda halkyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar.Käbir okruglar boýunça halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň umumy sanynyň 90 göterimden gowragy gatnaşdy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň mejlisiniň dowamynda saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden milli synçylaryň işjeň işländigi bellenildi, olar saýlawlaryň hiç bir düzgün bozulmasyz, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini tassykladylar.

Halkyň saýlanlarynyň agramly bölegi — bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tejribeli hünärmenleri, şeýle hem syýasy partiýalaryň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň işjeňleridir. Ähli saýlaw uçastoklarynyň döwrebap aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi netijesinde maglumatlary işlemek hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugratmak işleri bökdençsiz amala aşyryldy.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde welaýat saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri hakynda hasabatlaryna seredildi we tassyklanyldy.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sanawlar ýakyn wagtda ýerli metbugatda çap ediler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunlara hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçendigini bellediler. Şeýlelikde, milli parlamentiň täze saýlanan deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň öňünde möhüm wezipe — ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri we toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryny işjeň wagyz etmek wezipesi durýar.

Diýmek, watandaşlarymyzyň bildiren ynamy üçin jogapkärçilik ýokary bolup, halkyň saýlanlary şol ynamy anyk işleri bilen ödemeli bolarlar.Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň 28-sini wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek boýunça resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň bilim ministri täzelendi
Resmi habarlar
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy täzelendi