03.09.2019 | Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular

Koreýa Respublikasynyň Çungju şäherinde dowam edýän Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli derejeli medallaryň ýene-de 7-sini gazandy. Şeýlelikde, gazak göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Zarina Abdyrahmanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Rozymyrat Medow we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nazar Durdyýew kümüş medallara eýe boldular.

Sportuň bu görnüşinde öňdäki üçlügiň yz ýanyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Jemal Öwlýakulyýewa barýar.Ol bürünç medal ugrundaky ýaryşda Koreýa Respublikasynyň wekilinden üstün çykyp, öz ussatlygyny görkezmegi başardy.

Sportuň kuraş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji we 4-nji ýyl talyplary Gülşat Nasyrowa 57 kilogram, Dinara Hallyýewa 63 kilogram agram derejesinde çykyş edip tapawutlandylar hem-de kümüş medallary gazandylar.

Gülşat Nasyrowa Mongoliýa Halk Respublikasynyň hem-de Tailand Patyşalygynyň türgenlerinden, Dinara Hallyýewa bolsa Özbegistan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy halkara ýaryşynyň geçirilýän ýurdy bolan Koreýa Respublikasynyň türgenlerinden üstün çykdylar.

Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 70 kilogram agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Mariýa Lohowa ahyrky tapgyra çykyp bilmedi.Ol mongol türgenini ýeňip, hormat münberinde üçünji orny eýeledi.

Türkmen türgenleri bu halkara ýaryşynda ýokary ussatlygy we oňat taýýarlygy görkezýärler.Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini ösdürmäge berýän ählitaraplaýyn goldawynyň aýdyň miwesidir. . Çungju şäherinde Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlary dowam edýär.

Türgenlerimizi sport baýraklary babatynda örän netijeli bolan gün bilen gutlaýarys hem-de olardan täze ýeňişlere we medallara garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä söweş sungatlarynyň ussatlygy oýunlarynda türkmen türgenleri ýene ýedi medala eýe boldular
Aşgabatda instrumental konsertler bolar
TÝL - 2020: Ahal ýaryşyň ahyrky ornundaky topar bilen duşuşykda utuk ýitirdi
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Türkmen türgenleri Guşakly göreş boýunça dünýä kubogynda 12 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Alyş göreşi boýunça Aziýa çempiýonatynda 15 medal gazandylar