06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar. Şol pursatdan bir aý geçenden soň, ABŞ-nyň kabulhanasy Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistandaky ilçihanasy açyldy. 1994-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň ABŞ-nyň Waşington şäherinde ilçihanasy açyldy.

Iki ýurduň diplomatik gatnaşyklary soňlugy bilen has netijeli häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi.Häzirki wagta Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky şertnama-hukuk binýady 59 resminamadan ybaratdyr, şolaryň 53-si döwletara we hökümetara, 6-sy bolsa pudagara ylalaşyklardyr.

Iki döwlet hem özara gatnaşyk boýunça tejribe toplap hem-de onuň usullaryny kämilleşdirip, dürli pudaklarda iki tarapda hem bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri amala aşyrmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirdi. Şu döwürde Amerikanyň nebitgaz we himiýa senagaty, kompýuter tehnologiýasy, energetika, oba hojalygy, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlarynda işleýän belli kompaniýalary bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda “Boeing”, “General Eleсtriс”, “John Deere”, “Miсrosoft”, “Сaterpillar”, “Сoсa-Сola” we başga-da birnäçe kompaniýalar bar. 2007-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka bolan sapary türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň taryhyndaky möhüm tapgyra öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz şol ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde çykyş etdi.Munuň özi Türkmenistanyň halkara bileleşik bilen gatnaşyklarynyň çäklerindäki nukdaýnazardan täze derejä çykmagyny şertlendirdi.Saparyň dowamynda milli Liderimiziň geçiren gepleşikleri ýurdumyzyň ABŞ bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerini açdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Jorj Buş bilen duşuşygy özara bähbitleriň iş ýüzünde mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Şol pursatdan soňra milli Liderimiziň tagallasy bilen, ägirt uly energetika serişdeleri bolan Türkmenistanyň dünýädäki abraýy ýokary göterildi.

Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-nyň döwlet sekretary Kondoliza Raýs bilen duşuşygy muny has aýdyňlygy bilen tassyklady.K.Raýsyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz diňe bir uglewodorod serişdelerine baý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olary peýdalanmak boýunça örän bähbitli taslamalary öňe sürýär we çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen sebitara ulag geçelgelerini hem-de üstaşyr ýollary döretmek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Amerikanyň işewür toparlary barada aýdylanda bolsa, olar Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar.Milli Liderimiziň Kolumbiýa uniwersitetinde bolan duşuşygy muny tassyklady. Şol ýerde milli Liderimize ýurdumyzda geçirilýän oňyn özgertmelere goşant ägirt uly goşandy üçin Ösüp barýan bazarlaryň akademiýasynyň Hormatly akademiginiň diplomy gowşuryldy.

Milli Liderimiziň belli Rokfeller merkezinde ABŞ-nyň işewür toparlary bilen geçiren duşuşygy has-da ähmiýetli boldy.Duşuşyga ABŞ-nyň Hökümetiniň wekilleriniň, kompaniýalarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň 300-e golaýy gatnaşdy.

Duşuşykda emele gelen hoşniýetli ýagdaý, döwlet Baştutanymyzyň söhbetdeşleriniň netijeli hyzmatdaşlyga tizden-tiz girişmäge bolan gyzyklanmalary türkmen bazarynyň ähli ugurlar babatda örän özüne çekijidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy kepillikler, şol sanda daşary ýurt maýalarynyň goraglylygy barada aýdanlary halkara işewür toparlarynyň wekilleriniň durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. Şol duşuşyk türkmen-amerikan gatnaşyklaryny başlangyç pursadyndan başlap, täze hil bilen ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.

Umuman, milli Liderimiziň şol sapary Amerika bilen gatnaşyklary ösdürmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugruna öwrüldi.Munuň özi ähli halklaryň parahatçylykly, ynsanperwer we gülläp ösüş ýörelgesine eýermegini wagyz edýän ýurduň syýasy başlangyçlarynyň özenini düzýär. 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Rokfeller merkezinde geçirilen duşuşykda öňe süren başlangyjy boýunça Türkmen-amerikan işewür geňeşi döredildi. Ştab-kwartirasy Waşingtonda ýerleşýän geňeşiň baş wezipesi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekden ybarat boldy.

Milli Liderimiziň Nýu-Ýorkda öňe süren başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işlere badalga berildi.Amerikanyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen onlarça iri kompaniýalary Türkmenistanyň Hökümeti we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Nýu-Ýorka 2009-njy ýylyň sentýabrynda bolan saparynyň dowamynda ABŞ-nyň resmi wekilleri we işewür toparlary, şeýle hem Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň agzalary bilen geçiren nobatdaky duşuşygy bilelikdäki düzümiň işiniň täze sahypasyna öwrüldi.

Pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjylaryň esasy üns beren tapgyrlarynyň biri bar bolan ählumumy maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini boldy.Munuň özi ösüşiň milli ugrunyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumy, himiýa senagaty, nebithimiýa pudagy, döwrebap ulag-aragatnaşyk hem-de ykdysady-durmuş düzümini döretmek, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli meýilnamalar barada aýdyp, Türkmenistanyň täzeçil usullara we döwrebap tehnologiýa işläp taýýarlamalaryna — nou-haulara aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Başlangyç pursatda diňe meýilnama hökmünde garalan şol taslamalaryň häzirki döwürde durmuşa geçirilmegi bilen anyk netijeler duýulýar.Amerikaly işewürler we döwlet düzümleri kesgitlenen ägirt uly meýilnamalarda anyk esaslaryň, ykdysady mümkinçilikleriň, iň esasy bolsa, olary amala aşyrmak üçin syýasy erkiň bardygyna göz ýetirdiler. Şondan bir aý geçenden soň, ýagny 2009-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň we Amerikanyň belli kompaniýalarynyň top-menejerleriniň gatnaşmagynda Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy.

Bu duşuşyk ýurdumyzyň ykdysadyýetini tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmagyň we köpugurly esasda ösdürmegiň, ykdysadyýetiň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň çäklerinde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň täze tapgyryna öwrüldi. Şol döwre çenli Türkmenistanda ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryndan gowrak bahasy bolan maýa goýum taslamasynyň 101-si bellige alyndy.

Taraplar özara peýdaly gatnaşyklary, hususan-da, nebitgaz pudagy, energetika, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa, senagat we ulag düzümi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollaryny gözläp başladylar. 2010-njy ýylyň 16-njy iýunynda Aşgabatda birbada Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň we Türkmen-amerikan işewür forumynyň mejlisleri geçirildi.

Işewür duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ABŞ-nyň Hökümetiniň wekiliýeti, Amerikanyň “Boeing”, “Еххоn Mobil”, “Сonoсo Phillips”, “Сhevron”, “Сase New Holland, International SA”, “John Deere”, “Сaterpillar”, “General Eleсtriс”, “Honeywell International Inс” ýaly iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart forumda eden çykyşynda soňky ýyllarda geňeşiň agzalarynyň sanynyň iki esse artandygyny belledi we munuň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga Amerikanyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini aňladýandygyny nygtady.

Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagynda 63 kärhananyň hereket edýändigi bellenildi. Şertnamalaryň umumy sany bolsa 110-a ýetdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasatynyň diňe bir maýa serişdelerini çekmäge däl, eýsem, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýörelgesini ugur edinýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň maksada okgunlylygy çig mal ugradýan döwlet bolmakdan dokma, himiýa, azyk we beýleki ugurlar boýunça taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmegini şertlendirdi.

Nobatdaky ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde 2011-nji ýylyň 19 — 20-nji maýynda Aşgabatda guralan amerikan önüm öndürijileriniň harytlarynyň sergisi ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanyň bazarynda ornuny giňeltmegi göz öňünde tutýandyklarynyň subutnamasy boldy.

Ugurdaş pudaklarda dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň sanawyna girýän işewürleriň 270-si we iri amerikan kompaniýalarynyň 60-dan gowragy sergide öz harytlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezdiler.Gözden geçiriş nebitgaz ulgamyny hem-de energetikany, programma üpjünçiligini we maglumatlar tehnologiýasyny, telekommunikasiýany hem-de aragatnaşygy, oba hojalyk tehnikasyny we howa ulagyny, azyk senagatyny hem-de logistikany, bilimi we beýleki ugurlary öz içine aldy.

Bu ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň köp sanlysynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilen tanyşdyryş çäresidir, munuň özi Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, geňeşiň gazanan üstünlikleriniň biridir.Bu wakanyň derejesi hem-de oňa amerikan tarapynyň berýän ähmiýetini serginiň açylyşyna iki ýurduň hem Hökümetleriniň wekilleriniň, şol sanda ABŞ-nyň söwda ministriniň kömekçisiniň orunbasary Huan Werdiniň, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň birinji orunbasary Jeffri Peýtiň we beýlekileriň gatnaşmagy äşgär edýär.

Bu ýerde öz aýdyň beýanyny tapan iş ugurlylygy sergini diňe bir harytlaryň görkezilýän meýdançasy hökmünde däl, eýsem, ilkinji nobatda, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýa-da berkitmäge we giňeltmäge, özara gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyk teklipleriniň giň toplumyny işjeňleşdirmäge, geljegi has uly taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýän işewür gatnaşygynyň işjeňleşen ýeri hökmünde hem görkezdi.

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 30-dan gowragyndan resmi adamlaryň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 70-e golaýy guraldy.ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ikinji sergisi 2012-nji ýylyň 3 — 5-nji maýynda Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde guraldy.

Bu sapar sergä gatnaşanlaryň sany 100-den hem köp boldy.Sergä “Eххon Mobil”, “Сhevron”, “IHS”, “Honeywell”, “Weatherford”, “Сonoсo Phillips”, Argust”, “General Eleсtriс”, “Emerson”, “IBM”, “Сisсo Systems”, “Sikorsky”, “Boeing” ýaly atlary dünýä belli uly kompaniýalar gatnaşdylar. Şu döwürde Türkmenistana getirilýän import harytlarynyň düzüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, enjamlar, tehnikalar we tehnologiýalar has ileri tutuldy.

Bu ýagdaý serginiň guralyşynda aýratyn hasaba alyndy. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi üçin amerikan önüm öndürijileri işjeň ösüşe eýe bolan türkmen işewürligi bilen gatnaşyklaryň guralmagyna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Şu ýerde bolan bilelikdäki ara alyp maslahatlaşmalarda täze pikirler we teklipler döredi. Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary we usullary kesgitlenildi.

Sergileriň, maslahatlaryň hem-de işewürlik duşuşyklarynyň aralygynda hem edaralar derejesinde işler dowam etdi.Hut şunda tehnologiýalar, nou-haular synagdan geçirildi, Türkmenistanyň şertleri we zerurlyklary nazara alnyp, önüm öndürijilere teklipler beýan edildi, toplumlaýyn çözgütleri işläp taýýarlamak üçin beýleki ulgamlardan hünärmenler çekildi.

Bularyň ählisi Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň gün tertibinde öz beýanyny tapdy: onuň nobatdaky mejlisleri Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ylmy toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň 30-njy aprelinde we 12-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Hususan-da, ýazky mejlis, esasan, nebitgaz pudagy we obasenagat toplumy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyldy.Işewürler maslahatynyň işine iki ýurduň öňdebaryjy ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bu hünärler boýunça okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşandygy bellärliklidir.

Güýzki mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky yklymara geçelgeleriň çatrygynda amatly ýerde ýerleşýändigi hasaba alnyp, ulag, maglumatlar we kommunikasiýalar tehnologiýalary, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýlelikde, Türkmen-amerikan işewür geňeşi diňe bir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny goldamak bilen çäklenmän, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Iki ýurduň ylmy bileleşiginiň, geljekki hünärmenler — şu günki talyplaryň bu işlere gatnaşdyrylmagy örän düýpli çemeleşmeleri hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk meýillerini alamatlandyrýar.Görnüşi ýaly, ikitaraplaýyn işewürler geňeşi tarapyndan guralýan duşuşyklar, wagtyň geçmegi bilen, has anyk häsiýete, belli bir ugra gönükdirilmegine eýe bolýar, olaryň ýokary wekilçiligi bolsa has giňelýär, munuň özi esasy meselelere dürli nukdaýnazardan garamaga mümkinçilik berýär.

Senagat toplumyny we oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ýokary tehnologiýalaryň orny 2015-nji ýylyň 21 — 22-nji ýanwarynda geçirilen türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň gün tertibiniň esasy meseleleri hökmünde kesgitlenildi.Maslahatyň işine döwlet hem-de işewürlik düzümlerinden başga-da, alymlar we maliýe işgärleri, gönüden-göni önümçilikde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar, olaryň öňünde innowasiýalary ornaşdyrmak wezipesi durýar. Şeýle hem maslahatyň işine ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar, öz nobatynda, olar hünärmenleri taýýarlamak babatynda barha özgerýän meýillerden habardar bolmalydyr. 2016-njy ýylyň 29-njy iýununda Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň hasabat mejlisi geçirildi, onuň barşynda Erik Stýuart ýerine ýetiriji direktoryň wezipesine hem-de “Boeing” kompaniýasy “General Eleсtriс” kompaniýasynyň ýerine başlyklyk ediji hökmünde täze möhlete gaýtadan saýlanyldy. 2017-nji ýylda “Сoсa-Сola” kompaniýasy başlyklyk wezipesini öz üstüne aldy.

Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň alyp barýan işleriniň netijelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu düzümiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçirýän ikiçäk duşuşyklarynda yzygiderli garalýar. Şeýle duşuşyklaryň barşynda bilelikdäki işleriň jemleri we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Milli maksatnamalaryň wezipelerine laýyklykda, ýörite çäreler kesgitlenilýär, hormatly Prezidentimiz tarapyndan umumy görkezmeler berilýär we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bellenilýär. 2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň her ýyl geçirilýän mejlisi boldy, onuň barşynda Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň — energetikleriň, gazçylaryň, raýat awiasiýasy gullugynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi.

Amerikan tarapyndan “General Eleсtriс” we “Ionreх/Jar Сapital” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdiler.Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň wekilleri, şeýle hem “John Deere”, “IMS/Ellicot Dredges” we “CNH” kompaniýalaryň hünärmenleri obasenagat toplumy we azyk senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ugurlary barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, bilim, saglygy goraýyş hem-de kommunikasiýalar ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň edildi, şunda tejribe we talyplary alyşmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem garaldy.ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, oba hojalyk pudagynyň wekilleri bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdiler, şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça özara bähbitli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň ugurlaryna gönükdirilen ýokary tehnologiýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. 2017-nji ýylyň 10 — 11-nji iýulynda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde türkmen-amerikan işewürlik mejlisi geçirildi, oňa ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda işleýän “Argus Limited”, “Boeing”, “CNH Industrial”, “Ellicott Dredges”, “General Electric”, “John Deere”, “Lindsey”, “Microsoft”, “Oxbow Energy Solutions”, “Caterpillar”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary, bilermenleri hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary girdi.Işewürlik mejlisiniň gün tertibine söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk we oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi.

Netijeli gepleşikler 2017-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň nobatdaky mejlisinde dowam etdirildi.Onuň barşynda işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygyň üstünlikleri seljerildi hem-de onuň däp bolan ugurlarynyň geljekki maksatlary beýan edildi, azyk önümçiligi, syýahatçylyk ulgamy ýaly geljegi uly ugurlarda has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. 2018-nji ýylyň 4-nji aprelinde “John Deere” kompaniýasynyň prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi, ony hormatly Prezidentimiz kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman 25 ýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar, bu hyzmatdaşlygy nusgalyk diýip atlandyryp bolar. Şeýle hem saparyň barşynda John Deere kompaniýasy bilen Oba we suw hojalyk ministrliginiň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda 2018 — 2021-nji ýyllarda pudak üçin işgärleri taýýarlamak ugry boýunça hyzmatdaşlyk hakynda üç taraplaýyn Ähtnama gol çekildi. Şeýlelikde, Türkmen-amerikan işewür geňeşi döredileni bäri geçen 10 ýylyň içinde özüniň netijeliligini subut etdi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ony döretmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda we öňdengörüjilik bilen öňe sürlendigini hem aňladýar. Şu ýyllaryň içinde uly we batyrgaý taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şolaryň içinde elektroenergetika ulgamynda “General Electric” kompaniýasynyň gatnaşmagyndaky taslama bar.

Raýat awiasiýasy ulgamynda bolsa awiagurujy “Boing” we beýlekiler biziň hemişelik hyzmatdaşlarymyz boldular. 2018-nji ýylyň 1-nji maýyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 2 milliard 573,43 million amerikan dollary we 0,3 million ýewro bolan taslamalaryň 156-sy bellige alyndy.

Biziň ýurdumyzda daşary ýurt telekeçileriniň işjeň işlemegi üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, şertler we ýeňillikler, ykdysady özgertmeleriň hem-de senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli dowam edýän ýagdaýy kiçi işewürligiň we hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan çäreleri netijesinde ýurdumyz ýyl-ýyldan ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanýar.Munuň özi bolsa maýa goýum işini işjeňleşdirmek we bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat kepil bolup durýar.

Beýik Ýüpek ýoly döwründe Türkmenistanyň çägi Gündogaryň we Günbataryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm baglanyşdyryjy halkasy boldy.Yklymara ugurlarynyň ulag çatrygyndaky bu işi biziň ýurdumyz häzir täze taryhy şertlerde ýerine ýetirýär. Şunda köp şahaly we köp görnüşli daşary syýasaty durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň mundan beýläkki işi diňe bir iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, has giň yklymara ölçeglerde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde saldamly goşant bolup hyzmat eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
28.09.2018 | Hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýorka BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine iş sapary başlanýar
Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda $3,3 milliardlyk 180 taslamany amala aşyrýarlar
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.01.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi