07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy uly şatlyk duýgusy bilen ýollaýaryn. Şu bagtyýar günlerde Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, dünýäde adalatlylygyň hem-de raýdaşlygyň dabaralanmagyny dileg edýärin.

Jenap Prezident, gadyrly doganym, Gudraty güýçli Allatagaladan biziň maksatlarymyzyň amala aşmagyna hem-de nurana geljek ugrundaky arzuwlarymyzyň hasyl bolmagyna ýardam etmegini dileg edýärin.Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdel Fattah Al-Sisi,Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Tunisiň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy uly hormat bilen ýollaýaryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna parahatçylyk we rowaçlyk dileg edýärin.Beji Kaid Es-Sebsi,Tunis Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk baradaky arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Hamad Bin Isa Al Halifa,Bahreýniň Patyşasy *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymyzy ibermek biziň üçin uly hormatdyr.

Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.Kabus bin Said,Omanyň Soltany *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, ýurduňyza hem-de halkyňyza, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,Kuweýt Döwletiniň Emiri *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident, gadyrly doganym, Alžiriň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk dileg edýärin.Musulman ymmatynyň agzybirligini hem-de raýdaşlygyny pugtalandyrýan şu nurana günlerde Siziň Alyhezretiňizi biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygymyza ynandyrýaryn.

Jenap Prezident, gadyrly doganym, Size ýene-de bir gezek iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy beýan edýärin hem-de Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.Abdelkader Bensalah,Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň döwlet Baştutany *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size iň gowy gutlaglarymy hem-de arzuwlarymy beýan edýärin.

Beýik Biribardan tutuş musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin.Size berk jan saglyk we rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin.Adil Abd Al-Mahdi,Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri

Ýene degişli makalalar

26.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Dünýäniň iň ýaşuly ýolbaşçysy
Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri ildeşlerini prezident hakyndaky 'ýalan geplere' ynanmazlyga çagyrýar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?
22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy