Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de ýakyn geljekde olaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna, milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen we goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan anyk işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýerine ýetirilen işler we harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumlaýyn harby özgertmäniň amala aşyrylyşyna kanagatlanma bildirip, harby gullukçylary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzda parahatçylygyň, asudalygyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň kepili bolup durýan milli howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatda döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hukuk bozmalaryň öňüni almak, şeýle hem raýatlaryň kanuny hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmek boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Içeri işler ministrliginiň düzümleýin bölümlerinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýol gözegçiligi gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem dürli görnüşdäki hukuk bozmalaryň öňüni almak boýunça degişli guramaçylyk işlerini alyp barmak bu düzümiň işiniň esasy ugurlary bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň nazary bilimlerini we amaly endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz milli goşunymyzyň halkymyzyň abadan durmuşynyň hem-de oňyn döredijilik kuwwatynyň mizemez sütüni, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň kepilidigini belledi.Bu ýörelgeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, harby gullukçylar özleriniň alyp barýan işinde ýurdumyzyň howpsuzlygyny hem-de çäkli bitewüligini üpjün etmek boýunça maksatlary we wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmelidirler diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda, şu ýylyň ýedi aýynda kazyýet edaralarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň döwlet goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde möhüm orun eýeleýändigini we hukuk-kadalaşdyryş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini belledi.
Bu düzümiň ähli işi kanunçylygyň, adalatyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmegine, hukuk ýagdaýynyň bozulmagyna getirýän sebäpleriň we beýleki ýagdaýlaryň aradan aýrylmagyna gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda ýokary kazyýetiň başlygyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew şu döwürde döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylyga gözegçilik etmek boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňde durýan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmelidigini, kanunlaryň, Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden kararlarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny belledi.
Bu düzüme degişli ygtyýarlyklary nazara alyp, hormatly Prezidentimiz geljekde hem prokuratura işgärleriniň ýerli-ýerinde goýulmagyna hem-de olaryň hünär başarnyklaryna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler, şeýle hem Serhetçileriň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dostluk we doganlyk serhedi bolup durýan çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň möhüm talaplaryň biri bolup durýandygyny belledi.Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň söweşjeň, syýasy we amaly taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagy babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna Serhetçiler güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde 2018-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we gümrük gullugynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gullukda häzirkizaman maksatnamalaýyn üpjünçiligi bolan bir bitewi maglumat-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmegi gümrük işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.Ony iş ýüzünde ýokary derejede amala aşyrmak, dünýä tejribesini düýpli öwrenmek, bu ulgamdaky milli kanunçylygy häzirki döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek esasy wezipeler bolup durýar.
Amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, aýratyn-da, Türkmenistanyň çäginden geçýän ýüklere degişli gözegçiligi guramak işinde öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak çärelerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri B.Muhammedow ýanwar-iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmelerini amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz täze kanunlary işläp taýýarlamakda we hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmekde yzygiderli peýdalanmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, raýatlara ýokary derejeli hukuk kömegini bermek işlerini guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gullugyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermek migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň öňünde durýan möhüm wezipedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy durmak maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyp, gullugyň ýolbaşçysy birnäçe edaralaryň işine geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda hem habar berdi.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mundan beýläk-de korrupsiýa, parahorluk we gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly ýaramaz ýagdaýlara garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylmalydygyny belledi.
Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ýurdumyzyň kanunçylyk düzgünlerine we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna berk laýyk gelmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna öňde durýan möhüm wezipeleri netijeli amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, düýpli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda harby we hukuk edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esaslanýan parahatçylyk söýüji döwletimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de harby gullukçylaryň maşgalalarynyň durmuş üpjünçiligine möhüm üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi.