08.09.2019 | Sanlaşdyrmak işleri hereketde: möhüm ädimler we iri meýilnamalar

Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilen Kiberhowpsuzlyk hakynda Türkmenistanyň Kanunyny goldady we oňa gol çekdi. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlaşdyrmak ulgamyny kesgitlemek döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kanunyň ähmiýetlidigini äşgär edýär.

Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.Täzeçil usullar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar.Munuň özi önümçiligiň guramaçylygyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär. Şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary, halkara ülňülere we tehniki kesgitlemelere utgaşdyrmak işleri häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşi üçin möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Şeýle hem ýurdumyz üçin düýpgöter täze pudagyň — kompýuter önümçiliginiň emele gelmegi bu wezipäni Türkmenistany sanlaşdyrmak babatda aýratyn möhüm ugur hökmünde kesgitledi.

Munuň özi ykdysadyýetimizi ýerli maglumat tehnologiýalary bilen üpjün eder. Şeýle ugruň döremegi 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkezi tarapyndan esaslandyrylan Agzybirlik tilsimaty kärhanasynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Ol ýurdumyzyň çäginde kompýuter tehnologiýasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Hytaýyň Hengsheng Lianhua Investment Management Co.Ltd., Tongfang Hongkong limited öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredildi.Bu kärhanada Hytaýyň milli derejede birinji orny eýeleýän we dünýäniň bilim derejesinde ýokary ulgama girýän Sinhua uniwersiteti tarapyndan güwälendirilen ýokary hünärli işgärler zähmet çekýärler.

Hut şu ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri ylmy barlaglaryň geljegi uly ugurlaryny işläp taýýarlaýarlar hem-de bu mekdep Tongfang Hongkong Limited kompaniýasynyň esaslandyryjysy bolup durýar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Agzybirlik tilsimaty kärhanasy ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen çagalar okuw kompýuterleriniň 80 müňüsini öndürdi, olar milli Liderimiziň adyndan ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryna sowgat berildi.

Kompýuterlerde 198 dürli okuw funksiýalaryny ýerine ýetirýän we türkmen, rus, iňlis dillerinde işleýän programma ýerleşdirildi. Şolaryň hemmesi başlangyç synp okuwçylaryna niýetlenendir.Olarda çagalaryň mekdep döwrüniň başky üç ýylynda özleşdirýän esasy dersleri ýerleşdirildi.

Hut şonuň üçin hem bu programma Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň usulyýetçileri we beýleki hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanyldy.Munuň özi mekdep okuwyny sanlaşdyrmaga kärhananyň ilkinji goşandy bolup durýar.Geljekde bu ugurda, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, işleriň gerimi has-da giňeldiler.

Häzirki döwürde elektron senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny ugur edinýän Agzybirlik tilsimaty kärhanasy hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde noutbuklary, planşetleri, monobloklary, şahsy kompýuterleri we hatda serwerler ýaly çylşyrymly ýöriteleşdirilen programma toplumlarynyň tejribelik nusgalaryny öndürmegi meýilleşdirýär hem-de eýýäm olaryň käbirinde bu işler ýerine ýetirilip başlandy. Ýerli nyşan arkaly şahsy kompýuterleriň ilkinji tapgyryny şu ýylyň ahyryna çenli öndürmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda, kompýuterleriň synag tapgyrynda üç müňe golaýy öndüriler.

Kärhananyň ýyllyk kuwwatynyň 500 müň kompýutere deň boljakdygyny bellemeli.Onuň ýarym ýylda öndüren kompýuterleriniň Türkmenistanyň isleglerini ýerli kompýuterler bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi guwandyryjydyr.Ilkibaşdan Agzybirlik tilsimaty bilelikdäki kärhana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegi maksat edindi.

Häzirki wagtda ikinji ugur — bar bolan haryt nyşanlaryny gaýtadan eksport etmek mümkinçiligi döreýär.Bu bolsa Türkmenistanda öndürilen kompýuterleriň goňşy ýurtlara iberiljekdigini aňladýar.Sebäbi Agybirlik tilsimaty Merkezi Aziýa sebitinde kompýuter enjamlaryny öndürýän ýeke-täk kärhanadyr. Şol sebäpli hem bu kärhananyň öňünde giň bazarlar açylýar. Şeýle hem bilelikdäki kärhana programmalaýyn üpjünçiligi işläp düzmek boýunça iri halkara kompaniýa Maýkrosoft hem-de elektron enjamlaryny we kompýuter ätiýaçlyk şaýlaryny esasy öndüriji bolan Intel kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

Olar eýýäm Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky, Owganystandaky buýrujylara kompýuterleri Türkmenistandan satyn almak barada maslahatlary berdiler. Ýiti bäsdeşlige eýe bolan bazara girişmäge türkmen elektron enjamlarynyň elýeterli nyrhlary hem-de ýokary hili ýardam eder.

Häzirki wagtda olaryň nyrhy sebitdäki sarp edijiler üçin has amatlydyr. Şeýlelikde, ýaş we geljegi uly kärhana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen Türkmenistanda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda öňde goýlan iki wezipäni amala aşyrýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, geljekde Agzybirlik tilsimaty bilelikdäki kärhana serwerleriň toplumlaýyn önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär, munuň özi buýrujylara işewürligi ösdürmek, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça oňyn çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berer.

Aşgabat şäheriniň çäklerinde döwlet söwda ulgamynyň sanlaşdyrylmagy bu ugurda ilkinji tejribe bolar.Paýtagtymyzdaky Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky dükanlaryň 186-synyň ählisi elektron söwda usulyna geçiriler.

Bilelikdäki kärhana bu wezipäni şu ýylyň ahyryna çenli ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, söwda nokatlary sanly ulgama birikdiriler, bu bolsa hakyky wagt tertibinde harytlary elektron tilsimleri bilen gözegçilik etmäge — olaryň ammarlara gelip gowuşmagyny, dükanlara iberilmegini, alyjylara ýerlenilýän möçberleri hem-de ýerlenilmän galan böleklerine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şu merkezleşdirilen ulgam arkaly hünärmenler söwda ulgamynyň ähli desgalarynyň harytlaryň görnüşleri boýunça üpjünçiligi barada maglumatlary almaga, dükanlarda olaryň ätiýaçlyk gorlaryny öz wagtynda doldurmaga, bökdençsiz üpjün etmegi ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy satuwlar boýunça elektron hasabatlylygy we haryt iberijiler bilen hasaplaşyklary ýöretmäge, bazara netijeli gözegçilik etmäge we ony dolandyrmaga mümkinçilik berer.Alyjylaryň amatlylygy üçin internetde her bir dükan — onuň salgysy, habarlaşmak üçin maglumatlary, harytlaryň görnüşleri, olaryň hil derejesi, öndürilen senesi we ýeri, önümleriň gaplanylyşy, ýaramlylyk möhleti we beýlekiler baradaky maglumatlary özünde jemleýän ýörite saýt dörediler.

Saýtda harydy öýe çenli getirmek şerti bilen buýurmak, sowal-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary alyp bolar.Bu ulgam içerki bazarda islegleri öwrenmäge mümkinçilik berer. — Biz bu taslamany Aşgabat şäher telefon ulgamy bilen bilelikde durmuşa geçirýäris.

Paýtagtymyzda degişli işleri tamamlanymyzdan soňra, welaýatlaryň söwda edaralarynda elektron ulgamyny girizmegi meýilleşdirýäris — diýip, Agzybirlik tilsimaty kärhanasynyň direktory Azat Çörekliýew gürrüň berýär. — Eger-de söwda ulgamyny sanlaşdyrmak işleri pesinden iki ýyl dowam edýän bolsa, ony döwrebaplaşdyrmak işleri hemişelik häsiýete eýedir, sebäbi her gün täze tehnologiýalar, hyzmatlar, islegler we teklipler peýda bolýar.

Bazarlar babatynda hem şeýle taslama taýýarlanylýar.Mysal üçin, Gülüstan bazarynda söwdanyň elektron görnüşi ornaşdyrylýar, bu bazaryň eýýäm özüniň web-saýty bar, onuň üsti bilen harytlaryň sanawy bilen tanşyp, elektron karta arkaly sargyt edip hem-de tölegleri geçirip bolar.

Düýbünden satyjylar talap edilmeýän akylly bazary döretmek teklibi hem bar.Elektron haryt dolanyşyk ulgamyny hem-de alyjylar üçin täze hyzmatlar toplumyny ornaşdyrmak söwda işgärleriniň zähmet öndürijiligini hem-de raýatlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän harytlar baradaky elýeterli maglumatlar, ýerlenilýän önümler barada ygtybarly seljermeler türkmen haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna höwes döreder.Söwda pudagynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine ýardam eder.

Sanlaşdyrmagyň işleriniň iki ýoluny — durmuş hem-de ykdysady ugurlaryny şertleýin kesgitläp bolar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ugruny ileri tutulýan wezipe hökmünde hemişe öňe sürýär.Olaryň birinjisiniň mysaly hökmünde elektron demirýol peteklerini satyn almak boýunça hyzmatlaryň hereket edýändigini görkezmek bolar.

Häzirki wagtda bilelikdäki kärhana tarapyndan ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan iň gowy dünýä tehnologiýalary esasynda Türkmenhowaýollarynda işleri awtomatlaşdyrmagyň usullary işlenip düzülýär.Başgalaryň işläp taýýarlan çözgütlerini gönüden-göni peýdalanman, ony biziň şertlerimize laýyklykda has netijeli özleşdirmek maksady bilen öwrenmek Agzybirlik tilsimaty kärhanasynyň işini guramagyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şu esasda hem ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynda, ulag pudagynda sanlaşdyrmak boýunça taslamalar düzülýär.

Salgyt gullugy üçin eklektron hyzmatlar toplumyny işläp taýýarlamak işleri tamamlanyp barýar, ol eýýäm şu ýyl işe giriziler. — Bu bilelikdäki kärhananyň işleri üstünlikli alnyp barylýar — diýip, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň direktory gürrüň berýär. — Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bize ýurdumyzyň birinji synp okuwçylaryny öwrediji kompýuterler bilen üpjün etmegi tabşyrdy we bu jogapkärli buýurma öz wagtynda berjaý edildi.

Kärhana işewürlik meýilnamasyna anyk eýerýändigini hem-de tiz ösýändigini görkezdi.Sinhua uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde, işgärleriň — inženerleriň, tehnologlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary taýýarlamak işleri ýola goýuldy.Beýleki hyzmatdaşlar bilen hem yzygiderli geňeşmeler geçirilýär. Şeýlelikde, kompýuter önümçiligi boýunça Türkmenistandaky ilkinji kärhana ýene-de şeýle zawodlaryň döredilmegi üçin esas goýdy.

Munuň özi doly derejede häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär, diňe bäsdeşlik şertlerinde hil taýdan ösmegiň mümkindigini aýdyp bolar.Häzirlikçe bolsa Agzybirlik tilsimaty kärhanasyna diňe daşary ýurtly kärdeşleri bilen bäsdeşligiň öňünde mynasyp saklanmak gerekdir.

Göwnejaý işlenip düzülen işewürlik strategiýasyndan başga-da bu bilelikdäki kärhananyň durmuş ugurly jogapkärçilige eýerýändigini bellemek gerek, ol çagalar öýlerine, uruş weteranlaryna, höwesjeň we ussat türgenlere goldaw berýär. 2017-nji ýylda Kompýuter tehnologiýalary merkezi Boks boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň baş hemaýatkäri hökmünde çykyş etdi.

Häzirki wagtda Agzybirlik tilsimaty bilelikdäki kärhananyň howandarlygynda bouling boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirilýär, ýaryşlaryň jemleri boýunça halkara we dünýä ýaryşlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparyň düzümine oýunçylar saýlanyp alnar.Kiberhowpsuzlyk baradaky başdaky gürrüňimize gaýdyp gelmek bilen, bu meseläniň iň howpsuz kompýuterleri öndürmegi ugur edinýän bilelikdäki kärhana üçin strategik ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Munuň özi öz hususy programmalarymyzy işläp taýýarlamagyň hem-de degişli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny aňladýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygy hakynda gol çekilen Kanun milli kiber giňişligi dolandyrmak, ony wehimlerden hem-de monitoringden goramak boýunça bu ulgamda uly wezipeleri öňde goýýar.

Bularyň ählisi ýurdumyzda ulgamlaýyn önümleri hem-de gurallary döretmegi talap edýär.Agzybirlik tilsimaty bilelikdäki kärhana hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ägirt uly bazary özleşdirmegi, şeýle hem onda öz önümlerini ýerlemegi ugur edinmek bilen, häzirden bu wezipeleriň çözgüdine girişdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenpoçta PAK onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwy ýola goýuldy
08.09.2019 | Sanlaşdyrmak işleri hereketde: möhüm ädimler we iri meýilnamalar
Sanlaşdyrmak işleri hereketde: möhüm ädimler we iri meýilnamalar
Türkmenpoçta PAK elektron poçtasynyň onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwyny ýola goýdy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy
Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna täze kompýuterler sowgat berildi