08.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

08.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow çykyş edip, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy hem-de pudaklaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň aragatnaşyk we ulag düzümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylmagynyň durnuklylygyny ýola goýmak, aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň netijeli işini pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Soňra “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçirilýän ýylda pudagyň düzümlerini köpugurly esasda ösdürmek, oňa häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudakda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem şu döwürde agentlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, meýilleşdirilen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar hem-de düzümleriň ösüş derejesini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Häzirki döwürde ýük daşamak işleriniň alnyp barlyşy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ykdysady ýagdaýyny bellenilen derejede saklamaga hem-de işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga toplumlaýyn çäreler gönükdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça agentligiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we önümçilige täzeçil iş usullaryny ornaşdyrmak ýerine ýetirilýän işleriň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýan işleriň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň edaralary tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyrylýar.

Elektron täjirçilik we internet marketing, elektron resminama dolanyşygy, aralykdan multimediýa okuwlary hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän sanly telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Munuň özi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň wagty ýeten zerurlykdygyny hem-de ykdysadyýetde ähli işleri hil taýdan täze derejede guramaga we utgaşdyrmaga, pudaklarda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmaga ýardam edýän täsirli guraldygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary, şol sanda telekommunikasiýa ulgamlaryny döretmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezmeleri berdi.

Soňra “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow geçen döwürde pudagyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ulag düzüminiň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň iň wajyp ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi hökmünde ykrar edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmek, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňziniň üsti bilen ugradylýan üstaşyr ýükleriň bökdençsizligini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ýükleri demir ýol arkaly Hazaryň kenaryna gelip, bu ýerden deňziň üsti bilen goňşy ýurtlara tarap ugradylýar.

Munuň özi ýurdumyzyň “deňiz derwezesiniň” tutuş sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetli geçelge bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Bu bolsa ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagynyň, halkara üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň oňyn netijeleridir.

Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigi bellenildi. “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň işi ýurdumyzyň söwda flotuny döwrebaplaşdyrmaga hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag toplumynyň düzümleriniň işiniň kämilleşdirilmegine, şol sanda deňiz portunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şeýlelikde, deňiz we derýa ulagyny, üstaşyr-logistika ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu günlerde düzümiň öňünde durýan wezipeleriň birkemsiz ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi. Şu maksatlar bilen, ugurdaş düzümleriň ählisini döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär.

Diýarymyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen baglylykda, häzirki döwrüň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, olaryň sazlaşykly işini üpjün etmek, bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi.

Daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň we taksileriň ýurdumyza gelip gowuşmagy pudagyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde we kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi.

Şeýlelikde, pudagyň düzümleýin edaralarynyň ählisini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreler görülýär, agentligiň tehniki parky yzygiderli berkidilýär. Öz nobatynda, munuň özi paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, pudagyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görjekdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, pudaklaýyn agentlikleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlarynyň meýilleşdirilen möçberlerini özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu toplumyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ugurdaş kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de ýokarda aýdylanlary jemläp, pudaklaýyn düzümleriň öňde goýlan wajyp wezipeleri çözmekliginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet tarapyndan awtomobil, howa, suw we demir ýol ulaglary hem-de aragatnaşyk pudaklaryna, hususan-da, döwrebap deňiz portuny we sebitde iri howa menzilini gurmaga uly möçberde maýa goýumlary gönükdirildi. Şuny göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligini we girdejilerini artdyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin multimodal logistikany ýola goýmak we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk toplumyny dolandyrmakda we müşderilere hyzmatlary etmekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak meseleleri barada durup geçip, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly bu ugurdaky hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek meselesine geçip, halkara tejribesinden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şol sanda internet hyzmatlarynyň giň halk köpçüligine elýeterli bolmagyny gazanmak wajypdyr diýip belledi.

Ýurdumyzda sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmek, internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin zerur işleri geçirmek, maýa goýumlaryny giňden çekmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri we hünärmenleri taýýarlamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem döwletara optiki-süýümli geçiriş ulgamlaryny artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, suw ulagynda ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak babatda hyzmatlaryň sanawyny giňeltmegiň, müşderilere hyzmat etmekde sanly tehnologiýalary netijeli ulanmagyň hem-de üstaşyr we logistika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly kuwwatynda ulanmak üçin zerur işleri geçirmegi, pudakda ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi hem-de edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek arkaly girdejileri artdyrmagy tabşyrdy.

Raýat awiasiýasy barada aýdylanda bolsa, ýük howa gämilerini satyn almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, üstaşyr mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak, goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Balkanabat howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, maliýe-ykdysady ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine öňde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi
Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi
Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi