09.07.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Tekirdag welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

GYZYLALMA ýene-de bir synagdan üstünlikli geçdi
Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy
Türkiýede ýene bir türkmen zenany ten söwdasynda tutuldy
Bodrumda ýene bir türkmen zenany ýaranlary bilen ten söwdasynda tutuldy
Ten we adam söwdasynda güman edilýän türkmen zenany ýaranlary bilen sud edildi
Tekirdagda bolan otly heläkçiliginde 24 adam ýogaldy