09.12.2018 | Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy we Olimpiýa şäherçesine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow säher bilen adaty endigine eýerip, egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Ýolugra milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Säher bilen döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sport ulgamyna degişli täze desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory garşylady. Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzda gurluşygyna başlanan desgalaryň taslamalary, olaryň çyzgylary bilen tanyşdyrdy, şeýle hem binalaryň bezeg aýratynlyklary we üpjünçiligi barada habar berdi.

Bu ýerde Baş meýilnama laýyklykda, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň, 450 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, köpugurly sport toplumynyň binalary, dynç alyş zolaklarynyň, awtoduralga, welosiped we ylgaw zolaklarynyň, tehniki desgalaryň we suw howdanynyň desgalary ýerleşdiriler. Şeýle hem bu ýerde Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasy gurlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.Milli Liderimiz institutyň täze fakultetiniň binasy, onuň umumy ýaşaýyş jaýy bilen baglanyşykly taslamalaryň taýýarlanylyşyna ünsi çekip, binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň, aýratyn-da, umumy ýaşaýyş jaýynyň ýanynda dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda ministre taslamalary gutarnykly işlemek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Täze desgalar şäheriň özboluşly binalarynyň tutuş toplumlary bilen sazlaşykly utgaşmalydyr.Binalaryň daşky keşbi we bezelişi barada aýdylanda bolsa, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşmagy möhümdir diýip, milli Liderimiz bu işlere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlaryny we bilim alýan talyplary çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu işlere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Çünki ähli binalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, sport ähmiýetli desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde käbir ugurlar barada durup geçdi.Hususan-da, milli Liderimiz sport ulgamynda doping bilen baglanyşykly meseleler halkara derejede ykrar edilen talaplara laýyk gelmelidir diýip belledi.

Bu babatda ýurdumyzyň ähli sport federasiýalary Dopinge garşy göreşmek baradaky halkara gullugy (WADA) bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklamalydyr.Türgenleriň iýmitlenmek meselelerine aýratyn üns bermeli.Munuň özi, ilkinji nobatda, türgenleriň bedeniniň türgenleşiklerde we ýaryşlarda düşýän agrama uýgunlaşmagynyň çäklerini giňeltmäge, güýji dikeltmäge ukyplydyr.

Türgenleriň taýýarlyk derejesi we ýokary netijeleri gazanmagy olaryň iýmitlenmeginiň guralyşyna bagly bolar.Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň birinji gatynda Türkmenistanyň milli sportunyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri we ýeten derejesi bilen tanyşdyrýan ýörite zalyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegi bilen ýurdumyzda sport bilen işjeň meşgullanýan oglanlaryň we gyzlaryň sany artdy.Häzirki döwürde türkmen ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda guralýan köpugurly sport toplumlary hemişe köp adamly.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde sport watandaşlarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýär.Bu bolsa döwrebap, sazlaşykly ösýän Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýar.Paýtagtymyz halkara sport durmuşynyň, abraýly ýaryşlaryň geçirilýän iri merkezine öwrülýär.

Aşgabatda gurulýan täze sport binalary şäheriň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde möhüm orun eýeleýär.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary amala aşyrmagyň ähli tapgyrlaryny — binagärlik, inženerçilik-tehniki we dizaýnerçilik çözgütlerinden başlap, desgalaryň ulanmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlary berk gözegçilikde saklaýar.

Bu sport desgalary babatda hem şeýledir.Aşgabadyň sport düzümini kämilleşdirmek milli Liderimiziň şähergurluşyk we durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ýerde mugallymlaryň netijeli işlemegi, ussat türgenleri we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Muňa garamazdan, türkmen türgenleriniň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan netijeleri bildirilýän talaplara doly laýyk gelmeýär.Mysal üçin, türkmen ştangaçylary Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda ýokary netije gazanyp bilmediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz institutyň bu ugurda alyp barýan işleri babatda rektora düýpli nägilelik bildirip, okuw işine çemeleşmelere we usullara täzeden seretmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iň döwrebap hem-de doly bahaly sport düzümleriniň döredilendigini, sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini we döwrebaplaşdyrylandygyny, sport düzümleriniň iri halkara ýaryşlary geçirmek we türgenleri dünýä derejesinde taýýarlamak, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini, zehinli ýaşlary höweslendirmek ulgamynyň hem hut şoňa gönükdirilendigini belledi. Ýöne bu mümkinçilikler doly derejede peýdalanylmaýar.

Türgenleriň has irki döwürden taýýarlanmalydygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz instituta sportda netije gazanan oglanlaryň we gyzlaryň çekilmelidigini, ýokary okuw mekdebinde sapaklaryň olaryň ussatlygyny, maksada okgunlylygyny artdyrmaga, sport tilsimlerini kämilleşdirmäge, güýçlerini, ýyndamlygyny, çydamlylygyny artdyrmaga, ahlak sypatlaryny terbiýelemäge, netijeli türgenleşmek we ýaryşlara üstünlikli gatnaşmak üçin bilimlere eýe bolmaga gönükdirilmelidir diýip belledi.

Bu ugurda alnyp barylýan işler ylmy taýdan esaslandyrylmalydyr we iş ýüzünde amala aşyrylmalydyr. Şeýlelikde, türgenleriň beden aýratynlygyna, onuň fiziki we fiziologik gurluşyna, türgenleriň aňyna aýratyn üns berilmelidir.Munuň özi türgenlerde öz mümkinçiliklerine hem-de ýeňiş gazanmaga bolan ynamyny artdyrýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin seçilip alynýan ýaşlarda halkyna, Watanyna bolan buýsanjyň ýokary bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunlukda, türgenleriň amaly we nazaryýet taýýarlygy anyk tejribeler bilen utgaşmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer P.Agamyradowa ýüzlenip, sport ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere talaby güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda täze hünär boýunça bilim bermäge niýetlenen binanyň gurulmagy bilen, bu ýerde diňe sport ulgamyna degişli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlanylmagyny degişli derejede ýola goýmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk boýunça bilim berýän bölümiň Türkmen döwlet medeniýet institutynda döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Çünki onuň fakultetlerinde ýurdumyzyň taryhyny, uzak geçmişiň binagärlik ýadygärliklerini, ýagny ýurdumyza gelýän syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän ýadygärlikleri öwrenýärler, bu bolsa syýahatçylyk pudagy bilen gös-göni baglydyr. Şonuň üçin bu ulgam üçin işgärleri hut şu ýokary okuw mekdebinde taýýarlamak maksadalaýyk bolar. Şeýle hem paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde atçylyk ugruna degişli hünärleriň öwredilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurlaryň hem hemmesiniň atçylyga degişli guruljak täze ýokary okuw mekdebinde jemlenilse dogry boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere syýahatçylyk hünäriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynda öwredilmegi, atçylyk ugruna degişli hünärleri bolsa bir ýokary okuw mekdebinde öwredilmegi bilen baglanyşykly wezipeler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi arzuw etdi we paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine tarap ugrady.Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen milli sportuň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy, bu ugurda möhüm wezipeleri çözmek babatda pikir alşyldy.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek meseleleriniň hemişe döwletiň üns merkezinde boljakdygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurlan ähli sport desgalaryny degişli derejede saklamagyň möhümdigini belledi.

Munuň özi türgenleri ýokary hilli taýýarlamagyň hem-de olaryň ýokary netijeleri gazanmagynyň ýene bir şerti bolup durýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň saglygyny berkitmek, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar diýip belledi. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagy ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek üçin hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Bu ýere örän ukyply we maksada okgunly ýaşlar gelýär.Emma zehinleri ýüze çykarmak üçin irki döwürden başlap, çagalary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek hem-de giňden gurşap almak zerur bolup durýar.

Bu meseleleriň hemmesi hemişe gözegçilikde we üns merkezinde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz çagalar we ýetginjekleriň arasynda wagyz-nesihat we aň-düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini aýratyn belledi.Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, ýurdumyzda ruhubelent we hemmetaraplaýyn düşünjeli, sagdyn ýaşlaryň kemala getirilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, dürli sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaş nesliň adaty endigine öwrülmelidir. Şunlukda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän köpugurly sport toplumlarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sagdynlygy, olaryň sporta bolan höwesleriniň ýokary bolmagy ugrunda ähli düzümlerde ýörite çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyna ünsi çekdi. Şunlukda, dürli sport bäsleşiklerini guramagyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň möhüm meselesine öwrülmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda egindeşleri bilen sportuň birnäçe görnüşleri bilen meşgullandy we dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi, şeýle hem toplumyň bouling zalynda bolup, özüne çekiji sport oýny bilen meşgullandy.

Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de abzallary bilen üpjün edilen sport toplumynda tejribeli türgenleriň we sport muşdaklarynyň türgenleşmegi üçin ähli şertler döredildi.Bu ýerde ornaşdyrylan köpugurly trenažýorlar olaryň hyzmatynda.

Döwlet Baştutanymyz trenažýorlarda birnäçe maşklary ýerine ýetirip, egindeşlerine olaryň ulanylyşy hem-de netije gazanmak üçin nähili ýagdaýlaryň nazara alynmalydygy barada gürrüň berdi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport saglygyň gözbaşy bolup, ol adamyň erk-islegini taplaýar. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine eýerip, sport hereketine goşulýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygy diýseň guwandyrýar.

Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adamlary çekmek bilen köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň baş baýlygy hasaplanylýan adam ruhy, aň-paýhas we beden taýdan ösen şahsyýet bolup, döwletimiziň kuwwatly bolmagy hut şoňa baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Köpçülikleýin sportuň ýokary görkezijiler sportunyň esasyna, ýurdumyzyň raýatlarynyň beden kämilligini hem-de ahlak sypatlaryny terbiýelemegiň möhüm şertleriniň birine öwrülmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz ähli pudaklaryň işgärlerini, aýratyn hem ýaşlary bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi ugrunda maksadalaýyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna we ruhubelent bolmagyna, şeýle hem intellektual we döredijilik işine oňyn täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz sport ýaryşlaryny medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.Munuň özi türgenlerimizi täze, has uly üstünliklere ruhlandyrar, Watanymyzyň sportunyň abraýynyň belende galmagyna ýardam eder.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly üns bermegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ýere ýygnananlaryň ählisine bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

22.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi
Prezident Olimpiýa şäherçesine baryp, sport emeldarlaryny tankytlady we boulingde utdy (wideo)
Milli Liderimiz “Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna badalga berdi hem-de täze ýaşaýyş toplumyny açdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň ak mermerli paýtagty iň owadan we döwrebap megapolis bolmalydyr
06.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmen edermenleri Watanymyzyň goragynda