1/8 finalyň bijeleri çekildi: “Liwerpul” “Real Madrid”, PSŽ “Bawariýa”

Az salym öň UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda finalda gabatlaşmagyna garaşylýan toparlaryň 4-si özara bije çekişdi.Başgaça aýdylanda, läheňleriň 4-si irki finalda duşuşarlar.

Geçen ýyl finalda duşuşan 2 topar bu gezek juda ir, 1/8 finalda gabatlaşmaly bolarlar. Ýagny “Liwerpulyň” bijesine “Real Madrid” çykdy. Şeýle-de toparçasynda 2-nji ýeri eýelän PSŽ 1/8 finalda “Bawariýa” bilen bije çekişdi.

Bu bolsa, çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden görkezilýän toparlaryň 2-siniň çärýek finala-da çykyp bilmejekdigini aňladyýar.

1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary geljek ýylyň 14-15-nji hem-de 21-22-nji fewralynda oýnalar. Jogap duşuşyklary bolsa 7-8-nji hem-de 4-15-nji martda geçiriler.

1/8 finalyň bijeleri:

“Leipsig” “Mançester Siti”

“Klub Brýugge” “Benfika”

“Liwerpul” “Real Madrid”

“Milan” “Tottenham”

“Aýntraht” “Napoli”

“Borussiýa Dortmund” “Çelsi”

“Inter” “Porto”

“Pari Sen-Žermen” “Bawariýa”

Ýene degişli makalalar

ÝÇL: 16-dan 14-si belli boldy
Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş
“Inter”, “Milan” we “Atalanta” toparlarynyň täze transferleri
Çempionlar ligasynyň 4-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Çempionlar ligasynyň duşuşygynda "Bawariýa" "Barselonadan" üstün çykdy