1-nji awgustdan Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi dynç alşa gidýär

1-nji awgustdan Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi dynç alşa gidýär

1-nji awgustdan başlap Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi ýurdumyzyň şypahanalarynyň islendiginde dynç alyp, saglyklaryny berkidip bilerler. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowa degişli sanawy düzmek barada görkezme berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini nygtady.

Hususan-da, 1-nji awgustda Awazada dynç alýanlar üçin gurlan Rowaç kottejler toplumynyň açylyş dabarasy; 3-nji awgustda Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen Ýüpek Ýoly — 2022 atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerimizi sylaglamak dabarasy; 8-nji awgustda Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy; 15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty ýaly dürli görnüşli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan Arkadagyň nesilleri atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň 5-nji awgustda geçiriljek açylyş dabarasy we 12-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli guraljak maslahat hem bu çäreleriň üstüni ýetirer.

Şular barada giňişleýin durup geçip: “Görşüňiz ýaly, öňümizde köp sanly çäreler göz öňünde tutulan. Şoňa görä-de, hemmäňiz bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama kabul ediler