1-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

1-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Aşgabatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň mejlisi geçirildi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi, Aşgabat we Ýerewan sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň merkezi edarasy Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.Mejlisde iri halkara guramalar we düzümler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine, şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns çekildi.

2. Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Sewrdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyny wagyz etmekde ýaşulularyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

3. Ýerewanda Türkmenistanyň ilçisi bilen Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki döwletiň sport ulgamynda jogapkär döwlet edaralarynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

4. Türkmen howa ýollary Aşgabat Kuala-Lumpur Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň awiapeteklerine arzanladyş yglan etdi. Arzanladyş 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 30-njy martyna çenli aralykdaky uçuşlara degişlidir.

5. Türkmenistanda ilkinji elektrik otly Arkadag şäherini we Aşgabat şäherini birleşdirer. Bir nokatdan beýlekisine bary-ýogy 18 minutda baryp bolar. Bu taslama barada Russiýanyň RŽD açyk paýdarlar jemgyýetiniň we Türkmendemirýollary agentliginiň wekilleriniň arasynda geçirlen gepleşiklerde bellenildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň demirýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary hem gözden geçirdiler.

Dünýäde

6. Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebiniň alymlary batareýasyz, ses yrgyldylarynyň täsirinde işleýän sensory döretdiler.Bu enjam kremniý esasly metamaterialdan ýasaldy.Alymlar bu oýlap tapyşlaryny köp sanly degişli ugurlarda ulanyp boljakdygyna ynanýarlar.

Bu sensory ýer titremelere gözegçilik etmekde ulanyp bolar. Ýa-da ol gazyň syzmagy sebäpli döreýän sesi anyklamak bilen, duýduryş sesini berip biler.Sensor eşidiş implantatlarynyň işleýşini gowulandyrmak lukmançylyk pudagynda hem ulanylyp bilner.

7.Müsürde Gizadaky üç piramidanyň iň kiçisi we iň soňkusy bolan Menkaura piramidasynyň üç ýyllyk dikeldiş işleri başlandy.Gadymy ýadygärligi dikeltmek taslamasy hünärmenleriň arasynda köp sanly tankytlara sezewar boldy.

Menkaura piramidasy ilkibaşda granit bilen örtülendi, ýöne wagtyň geçmegi bilen örtügiň bir bölegi çökdi.Dikeldiş işleriniň maksady ýitirilen örtügi dikeltmek we piramidanyň öňki görnüşini gaýtarmakdyr. Şeýle-de bolsa, köpler taryhy ýadygärligiň durkuny üýtgetmegiň kabul ederliksizdigini belleýärler.

Sosial ulgamlardaky ulanyjylar hem dikeldiş işlerine nägilelik bildirdiler.Olar muny Piza diňini düzeltmek ýa-da piramidalaryň diwarlaryna oboý ýelmemek bilen deňeşdirýärler.

Sport habarlary

8.Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2 12-nji fewral aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljek zenan toparlarynyň arasynda futzal boýunça Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň ýaryşyna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň düzümini yglan etdi.

Toparyň futzal boýunça CAFA-2024 çempionatyna taýýarlyk görmek we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutan arzasynda 14 oýunçy bar.Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ýaryşa Aşgabatda ýigrimi günlük okuw-türgenleşigi esasynda taýýarlandy.

Futzal boýunça CAFA-2024 ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Eýranyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen oýnar.Oýunlar aýlaw ulgamy boýunça geçiriler we iň köp utuk gazanan topar ýeňiji bolar.

9.Katarda geçirilýän futbol boýunça Aziýa kubogy 2023 çempionatynyň çärýek finala gatnaşyjylaryň hemmesi belli boldy.Soňky jübüti Ýaponiýanyň we Eýranyň milli ýygyndylary emele getirdi. 1/8 finalda ýaponlar Bahreýni 3:1 hasabynda ýeňdiler, eýranlylar penalti urgulary tapgyrynda Siriýany ýaryşdan çykardylar. 2-nji fewralda Täjigistan Iordaniýa we Awstraliýa Koreýa Respublikasy jübütleriniň oýunlary geçiriler, 3-nji fewralda bolsa Eýran bilen Ýaponiýanyň arasyndaky duşuşykdan başga-da, tomaşaçylar Özbegistan bilen Kataryň arasyndaky gapma-garşylygy görerler.

Ýene degişli makalalar

Krizis ýagdaýlarynda nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Eýranda suw joşmasynyň pidalarynyň sany 61 adama ýetdi
Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Owganystana Azyk Kömegini Ugratdy
Koliwand: Eýrana garşy sanksiýalar Gyzyl Ýarymaýyň ynsanperwerlik işlerine esasy päsgelçilikdir