1-nji orna çykaran ýeňiş

Moto GP boýunça möwsümiň 4-nji ýaryşy Ispaniýanyň Herez şäherinde geçirildi. “Aprilia” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Aleiks Espargaronyň ilkinji hatardan başlan bäsleşiginde 1-nji aýlawda kiçeňräk awariýa bolup, ýaryş togtadyldy.

Fabio Kuartararo, Migel Oliweira dagy şol awariýadan soň ýaryşy dowam etdirip bilmedi.Täzeden bat alan ýaryşda soňky 3 aýlawda öňe geçen Françesko Banaia 1-nji ýeri eýeledi. “Ducati Lenovo” toparynyň sürüjisi, soňky çempion 24 aýlawy 39 minut 29,085 sekunt tamamlap, möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 13-nji ýeňşini gazandy.

Banaiadan 0,221 sekunt yza galan “Red Bull KTM” toparynyň günorta afrikaly sürüjisi Bred Baýnder 2-nji, şeýle-de şol toparyň awstraliýaly sürüjisi Jek Miller ýeňijiden 1,119 sekunt soň pellehanadan geçip, 3-nji orny eýeledi.

Sprint ýaryşynda bolsa Baýnder 1-nji, Banaia 2-nji, Miller 3-nji orna mynasyp boldy.Bu ýeňişden soň Banaia Herezdäki ýaryşy tamamlap bilmedik Marko Bezeççiden öňe saýlanyp, sanawyň 1-nji basgançagyna beýgeldi.

Banaia 4 ýaryşda 87 utuk toplady. 2-nji ýerdäki Bezeççiniň 65, 3-nji basgançakdaky Baýnderiň 62 utugy bar.Möwsümiň 5-nji “Gran Prisi” 14-nji maýda Fransiýanyň Le Man şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideriniň möwsümdäki 6-njy ýeňşi
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi
Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy
Täze çempion
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Moto GP-niň 71-nji möwsümi