10 aýda umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak türkmen gazy Hytaýa eksport edildi

10 aýda umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak türkmen gazy Hytaýa eksport edildi

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak tebigy gazy Hytaýa eksport etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Türkmenistan hasabat döwründe Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde birinji, ýurduň umumy gaz importynda bolsa ikinji orundan ýer aldy. Şu ýylyň 10 aýynda umumy bahasy 8,07 milliard amerikan dollaryna barabar türkmen mawy ýangyjy Hytaýa iberildi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2 göterim azdyr. Şeýle-de, Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde ilkinji bäşlikden Russiýa, Maýnma, Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlar ýer aldylar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistan — Hyatý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Dördünji gaz turbageçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmaga mümkinçilik berer. Turbageçiriji Galkynyş ýatagyndan gözbaş alyp, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan arkaly Hytaýa barar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan halkara ugurlara boljak uçuşlaryň täze tertibini hödürledi
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň häzirki tertibini hödürledi
Kras-Logistics Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär
Ýerde ýaşan tirannozawrlaryň umumy sany anyklandy