10-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

10-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň birinji sammiti geçiriler.

Samarkantda sammitden öň — 10-njy noýabrda Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Oňa Türki Döwletleriň Gurmasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow, Wise-premýer — Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýýarto, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşar.

Duşuşykdan soň jemleýji resminamalara gol çekişlik dabarasy bolar. Bu barada Uzdaily ýazýar.

Habar berilmegine görä, foruma gurama agza ýurtlar bolan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem synçy agzalar hökmünde Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň wekiliýetleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde geçen ýylyň noýabr aýynda goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Hazaryň hukuk durumy 'ylalaşyldy', emma detallar açylmaýar
Hazar 'ylalaşygy' türkmen gazynyň Ýewropa aşmagyna ýol açýarmy?
Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'
Azerbaýjan Transhazar boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Azerbaýjan Respublikasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag baradaky aýdanlaryna gadyrdanlyk bildirdi