11.12.2018 | Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy

Bitarap Türkmenistan üçin şanly sene bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary geçirildi.Dabaralara welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.Olar milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Dürli maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň guralmagy ýurdumyzyň sebitlerinde adamlaryň abadançylygynyň baş şerti bolan häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde sebitleriň sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Täze binalaryň öňündäki baýramçylyk mynasybetli bezelen meýdançalarda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dabaralandyrýan aýdym-sazlar ýaýbaňlandyryldy. Ýerli gurluşyk kärhanalarynyň has tapawutlanan işgärlerine baýramçylyk mynasybetli ýörite sowgatlar gowşuryldy. Şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde täze häzirki zaman sowadyjy ammar ulanmaga berildi.

Ol birbada 2 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir.Obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi, ýylyň tutuş dowamynda halkymyzy ter gök we miwe önümleri bilen üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Gök önümleri saklamaga niýetlenen hil taýdan ýokary ulgamyň döredilmegi hut şu meseleleriň çözgüdine gönükdirilendir.Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda “Ýüpek ýoly täjirçilik” we “Röwşen” hususy kärhanalarynyň bina eden bu desgalary Germaniýanyň, Gollandiýanyň we Türkiýäniň iň kämil ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.

Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgam onda zerur bolan howa ýagdaýyny, çyglylygy saklamaga mümkinçilik berýär.Olarda goýulýan gök önümleriň we miweleriň görnüşine laýyklykda sowadyjylar degişli tertipde işledilýär.Bu desga aýratyn awtomatik sowadyjy ulgam bilen enjamlaşdyrylyp, ol sogan we ýeralma saklamaga niýetlenendir.

Onuň enjamlaşdyrylyşy önümleri uzak wagtlap ýokary hil derejesinde saklamaga mümkinçilik berýär.Desganyň esasy bölegi 23 sany sowadyjy bölümden ybaratdyr.Olaryň 12-si miweleri, 7-si gök önümleri we 3-si bolsa deslapky doňduryjy, biri bolsa has çuňňur doňduryjy bölümlerden ybaratdyr.

Binada önümleri seljermek, gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam oturdyldy.Binalaryň hemmesi gök we miwe önümlerini saklamak üçin niýetlenen tekjeler we ýörite gaplar bilen üpjün edildi.Olary alyjylara ýetirmek üçin kärhanada ýük ýükleýji elektrokarlar we dürli agramdaky awtosowadyjylar bar.

Toplumyň edara ediş binasynda ammarlara getirilýän we bu ýerden söwda merkezlerine, bazarlara ugradylýan gök we miwe önümleriniň hilini barlamaga niýetlenen barlaghana hereket edýär.Täze binanyň açylyş dabarasy mynasybetli onuň ygtyýaryna 4, 12 we 25 tonnalyk täze sekiz sany awtosowadyjy we dört sany awtokar hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşuryldy. *** Kaka etrabynyň merkezinde we Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda açylan täze lukmançylyk desgalary sebitiň ilaty üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Häzirki döwürde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap köpugurly ylmy-kliniki we bejeriş-anyklaýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahana-dynç alyş merkezleri hereket edýär.Olarda oturdylan täzeçil tehnologiýalar we dünýäniň öňdebaryjy enjamlary halkymyzyň saglygynyň goragyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň farmasewtika kärhanalary milli lukmançylyk ulgamynyň ýokary derejä eýedigini äşgär edýär.

Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda uly üstünlikler gazanyldy.Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.Oba ýerlerinde maşgala lukmançylygyny, saglygy goraýşyň ilkinji derejesini ösdürmegiň çäklerinde ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýüzlerçe täze lukmançylyk merkezleri we saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Olaryň hemmesi halkara ülňülere doly laýyk gelýän we ýokary derejeli anyklaýşy ýola goýmaga, keselleriň öňüni almaga, bejerişi öz wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar bilen üpjün edildi. Şol bir wagtyň özünde näsaglary bejermek, adamlaryň ömrüni uzaltmak üçin zerur şertler döredilýär.

Enäniň we çaganyň saglygynyň berkidilmegine, ýurdumyzyň geljegi bolan sagdyn nesilleriň kemala getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde Kaka şäheriniň Ýüzbaşy ýaşaýyş toplumynda bina edilen täze lukmançylyk merkezi hut şu maksada we wezipelere laýyk gelýär.

Köpugurly hassahana iki gatly binada ýerleşdirilip, ol Bejeriş-maslahat beriş, anyklaýyş we çaga dogrulýan bölümleri öz içine alýar.Merkeziň toplumlaýyn esasda guralmagy lukmanlaryň netijeli işi, näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermek, şeýle hem näsaglary kabul etmek üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Bu ýerde näsaglar terapewt, akuşer-ginekolog, hirurg, stomatolog we beýleki ugurlar boýunça işleýän lukmanlar tarapyndan kabul ediler.Merkeziň otaglary iň häzirki zaman lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edildi.Ultrasesli barlag, rentgen, EKG otaglarynda doly derejeli lukmançylyk barlagyny amala aşyryp bolýar.

Bu bölümleriň göçme häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemeli.Barlaghana we immuno öňüni alyş, şeýle hem fizioterapiýa otaglary ýokary derejede enjamlaşdyrylypdyr. “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň bina eden hassahanasy ilata bejeriş-öňüni alyş, anyklaýyş we beýleki lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär.

Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda durky düýpli täzelenen we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen merkez nusgalyk derejedäki oba saglygy goraýyş binasydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde diňe bir şu obanyň däl, eýsem, goňşy obalaryň ilaty hem giň lukmançylyk hyzmatlaryny alyp bilerler.

Obanyň täze Saglyk merkezinde çaga dogurmak, täze bolan çagalara ideg etmek, keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek üçin ähli zerur şertler bar.Ahal welaýatynyň çäginde ýene bir şanly waka boldy.

Kaka etrabynda gurlan täze çagalar bagy körpeler üçin öz gapylaryny giňden açdy.Täze desganyň açylyş dabarasyna milli parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.Bu ýerde häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, şu ýylyň maý aýynda birnäçe durky täzelenen mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň we umumybilim berýän mekdepleriň asylyş dabarasynyň bolandygyny bellemeli.

Häzirki zaman ruhuna laýyk gelýän derejede türkmen halk ertekileriniň we daşary ýurtlaryň ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezelen binada kiçi we uly ýaşly körpelere niýetlenen toparlar hereket edýär.Her toparda giň ýatylýan otaglar bilen bir hatarda köp sanly oýnawaçlary we çaganyň aňyny ösdürmäge niýetlenen gollanmalar bolan ýörite otaglar bar.

Mekdebe taýýarlyk topary okuw maksatnamasynyň häzirki zaman toplumlary bilen üpjün edildi.Bu ýerde aýdym-saz we çeper döredijilik bilen meşgullanmak üçin otaglar göz öňünde tutuldy.Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, ol ýerde gök zolaklar, hiňňildikleri we depejikleri bolan oýun meýdançalary bar. Şeýle hem şu gün welaýatyň Bäherden etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy.

Bu ýerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan birbada iki sany iri maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman obasenagat düzümini döretmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda bu ugra ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.Munuň özi sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we döwletimiziň ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Bu giň möçberli işleriň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.Olar oba senagaty ýaly geljegi uly pudakda öz orunlaryny berkidýärler.Döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalygynyň dürli ugurlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar.

Etrabyň “Mürçe” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän maldarçylyk toplumyny “Aýyt” hojalyk jemgyýeti bina etdi.Häzirki döwürde özüniň ýokary hilli önümleri bilen Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan “Guş toplumy” hususy kärhanasy bu desganyň buýrujysy bolup durýar. 2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň çäginde açylan “Guş toplumy” guşçulyk toplumy ýurdumyzda şu ugurda hereket edýän hususy kärhanadyr.

Ol guşçulyk bölümini, inkubatory, broýler bölümlerini, hususy oba hojalyk ýerlerini, iým kärhanasyny özünde jemleýär.Toplumyň oňyn tejribesi hususy pudagyň döwlet ulgamy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we bank düzümleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli ulgamyny emele getirdi.

Hususy pudaga döwletiň goldaw bermegi tutuş dünýäde ykdysady ösüşiň möhüm guraly hasaplanylýar. “Guş toplumynyň” önümçilik kuwwaty her ýylda 200 tonna ete barabardyr.Häzirki döwürde onuň fermasynda 120 baş gara mal saklanylýar.

Geljekde onuň sanyny 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär.Bu ýerde mallary saklamak, ýaş göleleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertler döredildi.Olara uzak möhletleýin esasda peýdalanmak üçin 305 gektar ýer bölegi bölünip berildi.

Onuň 5 gektarynda önümçilik desgalary ýerleşdirilip, beýleki ýerlerde ot-iýmlik ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşdirilen “Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýeti hem öz işini giňeltmegi dowam edýär.

Ol birnäçe ýyl mundan ozal Bäherden etrabynyň çäginde özüniň ilkinji et-süýt toplumyny gurdy.Häzirki döwürde bu ýerde 2 müň 300-den gowrak gara mal saklanylýar.Germaniýadan getirilen iň meşhur tohumdaky sygyrlar önümlilik taýdan öňdebaryjy hasaplanylýar. Şeýle hem olar süýt önümçiliginde bolşy ýaly, et öndürmekde hem tapawutlanýar.

Olaryň dürli howa şertlerine uýgunlaşýandygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde 1100-den gowrak dowar bar. “Arçman” daýhan birleşiginiň çäginde 75 gektar ýerde miwe baglary ýetişdirilýär.Bu ýerde miwe baglarynyň dürli görnüşleriniň 50 müňden gowragy ekildi. Şeýle hem açyk meýdanda bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Ahal welaýatynyň çäginde “Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýetiniň guran maldarçylyk toplumy sebitde kuwwatly maldarçylyk pudagyny emele getirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.Ol ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdiriler. Şu maksat bilen Germaniýanyň aberdin-angus tohumyndaky sygyrlaryň 69-sy satyn alyndy.

Bu gara reňkli şahsyz mallar Şotlandiýada ýetişdirilip saglygynyň berkligi we ýetişdirmek üçin ykdysady taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar.Aberdin-angus sygyrlary dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy bilen bellidir. Şeýle hem olary ýeterlik we ýokary hilli iým bilen üpjün etmek arkaly ýylyň ähli paslynda açyk asmanyň astynda saklap bolýar.

Häzirki döwürde bu ýerde 600-e golaý mal bar.Ilkibada toplumda ýylda 15 tonna et öndüriler.Soňlugy bilen onuň möçberi 180 tonna ýetiriler. Şeýle hem mallaryň baş sanyny iki essä golaý artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle sygyrlaryň eti ýuka ýag gatlakly bolup, örän ýokumly hem-de ter hasaplanýan etleriň hataryna girýär. Şeýle hem “Güwälendirilen angus tohumyndaky sygyr eti” (Сertified Angus Beef) nyşanly et ýokary bahaly hasaplanylýar. Şeýlelikde, dünýä ýüzünde uly isleg bildirilýän şu görnüşdäki etiň önümçiligini ýola goýmaga we ony eksporta ugratmaga mümkinçilik dörär. Ýeterlik ot-iým binýadyny döretmek üçin telekeçilere 500 gektar ýer bölünip berildi.

Oňa ýorunja, däneli we siloslyk mekgejöwen, garpyzyň, şugundyryň iýmlik görnüşleri ekildi we häzirki döwürde oňat hasyl alyndy. Ýerleri suwarmak üçin suw tygşytlaýjy ulgam peýdalanylýar.Onda ABŞ-nyň “LINDSEY” kompaniýasynyň suwaryş gurnamalarynyň altysy ulanylar.

Olaryň her biri 50 — 55 gektar ýeri suwarmaga niýetlenip, gurnamalar ýerleri endigan suwarmaga we suw serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer. *** Balkanabatda ýokary amatlylygy bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Ol günbatar sebitiň merkezindäki täze etrapçalaryň birinde peýda boldy.Binany “Balkannebitgazgurluşyk” müdirliginiň gurluşykçylary gurdular.Dört gatly jaýda ýagty hem-de giň otaglary, amatly aşhanasy bolan 24 öý ýerleşdirildi.

Onuň gurluşygynda we bezeg işlerinde häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanyldy.Häzirki döwürde Balkanabat özüniň binagärlik keşbini özgerdýär, ösýär we giň köçeleri, seýilgähleri we gök zolaklary bilen owadan, amatly şäherleriň birine öwrülýär.

Soňky ýyllarda bu ýerde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkez, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek”, anyklaýyş merkezi, Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, drama teatry, kitaphana, “Bagt köşgi”, şeýle hem multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumy, aýlawly atçylyk sport toplumy we beýlekiler guruldy.

Baýramçylyk mynasybetli Balkan welaýatynyň çäginde gurlan täze binalaryň hatarynda Serdar etrabynda ulanmaga berlen häzirki zaman maldarçylyk toplumy bar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen anyk işleriň netijesinde maldarçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gara mallaryň we dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, dürli görnüşli et we süýt önümleriniň önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak meselelerini pudagyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi.Balkan welaýatynyň çäginde “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetiniň bina eden häzirki zaman maldarçylyk toplumynyň taslama kuwwaty ýylda 500 tonna et öndürmäge niýetlenendir.

Bu desganyň gurluşygy üçin Serdar etrabynyň çäginde 500 gektar ýer bölünip berildi.Onuň esasy böleginde arpa, mekgejöwen, şugundyr we beýleki ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdiriler.Häzirki döwürde fermada gara mallaryň 440 başy saklanýar.

Bu ýerde mallary degişli derejede saklamak, göleleri ösdürmek üçin ýokary öndürijilikli enjamlar oturdyldy. Ýataklar awtomatik usulda arassalanylýar, ýörite suwa ýakýan enjamlar mallary arassa suw bilen üpjün edýärler.Täze oba hojalyk kärhanasynyň açylmagy bilen onlarça iş orunlarynyň dörändigini bellemeli.

Geljekde telekeçiler süýt berýän we et üçin niýetlenen sygyrlaryň baş sanyny 3 müňe ýetirmegi, şeýle hem önümi gaýtadan işleýän bölümi açmagy meýilleşdirýärler.Ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we olaryň zerurlaryny satyn almakdan başlap, eti, süýdi gaýtadan işlemäge çenli önümçilik ulgamynyň doly netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan hususy kompaniýalar seçilip alyndy.

Munuň özi bir tarapdan, öndürilýän önümiň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmaga we beýleki bir tarapdan, girdejini artdyrmaga mümkinçilik berer. *** Şu gün Daşoguz şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanmaga berildi.

Olar Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşip, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň möhüm bölegine öwrüldi. Ýakynda bu ýerde 500-den gowrak maşgalanyň täze jaýly bolmagyna şert döreden köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi öz gapylaryny giňden açdy.

Olaryň biri dört we üç otagly öýleriň 24-sini özünde jemläp, olarda ähli zerur amatlyklar üpjün edildi.Jaýy “Älem açary” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.Beýleki iki jaýda 16 sany dört we üç otagly öýler ýerleşdirildi.

Ony “Diýaryň kärhanasy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.Jaýlaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ýokary hilli häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Şol gün Köneürgenç etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda täze iri ýyladyşhana toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.

Ol “Gök ýyldyz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.Iki bölümden ybarat, umumy eýeleýän meýdany 10 gektar bolan ýyladyşhanada pomidor ekildi.Bu toplum ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň her ýylda 1800 — 2000 tonnasyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.

Pomidoryň şitilleri toplumyň çägindäki ýörite meýdançada ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle hem toplumyň düzümine edara ediş binasy, taýýar önümleriň ammary, önümleri saýlamak we gaplamak üçin ýörite enjamlaşdyrylan ulgam, tehniki ähmiýetli desgalar toplumy girýär.

Toplumyň gurluşygynda ýerli howa şertleri nazara alnyp, ýokary ýylylyk saklaýjylyk ukyby bolan hem-de uzak wagtlap ulanylýan polikarbonat we aýna peýdalanyldy.Awtomatik usulda işleýän ýörite enjamlar ýyladyşhananyň degişli ýylylygyny, çyglylygyny we topragyň mineral serişdeler bilen baýlaşmagyny üpjün edýär. *** Şu gün Türkmenabat şäherinde ammar jaýy bolan häzirki zaman sowadyjy enjamlary bilen üpjün edilen toplum ulanmaga berildi.

Ol birbada 3 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenendir. “Lebapmiwe” obasenagat hojalygynyň täze ammarynyň ulanmaga berilmegi welaýatyň sarp ediş bazarlaryny ýokary hilli we ter önümler bilen üpjün etmekde we olary ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna ugratmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Munuň üçin bolsa bu ýerde ähli zerur şertler üpjün edildi.Bu desga şäheriň günorta künjeginde, birnäçe ýyl mundan ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan täze köpugurly bazaryň ýakynynda ýerleşýär.

Toplumyň desgalarynyň umumy eýeleýän meýdany 4 gektara barabardyr.Bu ýerde üç sany uly ammar, kömekçi desgalar, önümleri saýlamaga niýetlenen bölüm, barlaghana, arassaçylyk-durmuş binasy bar. Şeýle hem onlarça sowadyjy kameralar hereket edýär.

Bu ýerde gök önümleri gysga wagtda kabul etmek we ugratmak üçin ähli zerur şertler döredildi.Ammarlar Ýaponiýanyň we Russiýanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi.Häzirki zaman kompýuter ulgamy ammaryň degişli howa ýagdaýyny, arassaçylygyny, toplumda howanyň çyglylyk derejesini saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň artmagy bilen, olary saklamak, gaýtadan işlemek we ýerlemek boýunça kuwwatlyklar artdyrylýar.

Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar Çärjew we Kerki etraplarynda guruldy. 1 müň tonnalyk ammar Türkmenabat şäherinde guruldy. Ýokary hilli unuň her ýylda 80 müň tonnasyny öndürmäge we 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewator welaýatyň merkezinde guruldy.

Seýdi we Türkmenabat şäherlerinde döwrebap pagta egriji kärhanalar bina edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar, oba hojalygy okgunly ösýär, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar.

Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagyna ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
Bitaraplyk gününde Türkmenistanda ýokary hilli et öndürjek kärhana açyldy, prezidentiň ogly çagalar bagyny açdy
13.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY
Baýramçylyk lybasyna beslenen täze desgalar
Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr