12,1 million dollara satyldy

Italýan suratkeşi, belli oýlap tapyjy Leonardo da Winçiniň “Aýynyň kellesi” atly suraty 12,1 million dollara satyldy.Garalama görnüşinde çekilen surat Londonda geçirilen auksionda rekord bahadan satyldy.

Renesans döwrüniň meşhur sungat ussatlarynyň biri bolan da Winçiniň bu eseriniň döredilenine 5 asyrdan gowrak wagt boldy. “Christie’s” auksion öýüniň guran söwdasynda suraty alanyň şahsyýeti barada maglumat berilmedi. 2001-nji ýylda Da Winçiniň bir suraty 11 million dollara satylypdy.

“Christie’s” auksion öýi suratyň sungat ussadynyň ýörite kolleksiýasyndaky az sanly eserden biridigini mälim etdi.

Gülgüne-çalymtyl kagyza “kümüş nokat” usuly bilen çyzylmak arkaly çekilen surat Leonardo da Winçiniň 1480-nji ýyllaryň başlaryna çenli çeken kiçi görnüşli haýwan suratlarynyň biridir.

Auksion öýüniň bilermeni Laetitia Masson “bu usulyň örän kyndygyny, sebäbi ýalňyşlygy hiç hili kabul etmeýändigini” belleýär. Masson da Winçiniň tebigatyň we haýwanlaryň täsirinde galandygyny belleýär.

Bu eskiziň iňlis suratkeşi we kolleksiýaçysy Tomas Laurense degişli bolandygy, 1860-njy ýylda “Christie’s” auksion öýüne 2,5 funt sterlinge satylandygy mälim edildi. 2011-nji ýyldan başlap Londondaky Milli Galereýadaky sergide we beýleki sergilerde görkezilipdir.

Ýene degişli makalalar

Ekoişjeňler Luwrdaky Mona Lizanyň portretine çorba dökdüler
Paýhaslar
TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR
Paýhaslar
3 muzeý, 3 şäher
Ýasama nusgasy 3,4 million dollara satyldy