12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Oraza aýy mynasybetli gutlady, Türkmenistanyň telekeçileri Ermenistana gelip görmäge çagyryldy, Türkmenistanda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden gutlag haty gelip gowuşdy. Özbegistanyň Prezidenti türkmen Liderine hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

2.Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. 15-nji mejlisiň gün tertibine TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň alyp barýan işleri, gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, şeýle hem geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

3.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow TRT Haber türk habarlar teleýaýlymyna interwýu berdi.Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, Türki Döwletleriň Guramasynyň ösüşiniň geljegi we onuň maksatlary barada gürrüň berdi.

Ol Türkmenistanyň içerki ösüşiniň häzirki tapgyryna, durmuş-ykdysady ugurda gazanylan üstünliklere, ýurduň halkara giňişligindäki başlangyçlaryna, şeýle hem Bitaraplygyň daşary syýasatda eýeleýän ornuna ünsi çekdi.Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe bilen ýakyn doganlyk gatnaşyklarynyň saklanylýandygyny, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigini, ýurtlaryň sebit işlerini ösdürmäge goşant goşýandyklaryny we türki halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini nygtady.

4.Astana diplomatiýa kluby Türkmenistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan telekeçileri 26 29-njy mart aralygynda Ermenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek we ýerli kärhanalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurda iş saparyny amala aşyrmaga çagyrýar.

Dört günlük saparyň dowamynda Ykdysadyýet we Ýokary tehnologiýa senagaty ministrlikleriniň, Enterprise Armenia gaznasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Ýerewan şäher häkimliginiň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär.Telekeçiler ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat alyp bilerler. 5.

Türkmenistanyň ýaşlardan ybarat wekiliýeti Hindistanda geçirilýän giň gerimli medeni maksatnama gatnaşýar.Onuň maksady Aziýa sebitleriniň ýaşlarynyň arasyndaky dialogy goldamakdan we berkitmekden ybaratdyr.Foruma Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 100 töweregi ýaş wekil gatnaşýar.

Gatnaşyjylar Hindistanyň medeniýeti, taryhy we milli aýratynlyklary bilen tanyşýarlar. 6.Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, bag ekmek dabarasyna, şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Dünýäde

7.Parižde geçýän Moda hepdeliginde adaty bolmadyk bezeg önümine üns çekildi.Balenciaga modalar öýi skotç lentasyny ýada salýan Gaffer Bangle bilezigini hödürledi.Bilezik gaýtalanýan Balenciaga nyşany bilen bezelipdir, ýöne ondan başga aýratynlygy boýunça kanselýariýa önüminden tapawutlanmaýar.

Sosial media ulanyjylarynyň reaksiýasy dürli-dürli boldy: degişmelerden we geň galmakdan başlap, brendiň ýaňsylamasyna haýran galýanlar tapyldy. 8. 11-nji martda prawoslaw hristianlar Maslenisa baýramyny Beýik agyz beklemegiň öňüsyrasyndaky soňky hepdäni bellediler. Şol döwürde et iýilmeýär, ýöne peýnir, ýumurtga we süýt rugsat edilýär.

Maslenisanyň manysy iýmitden saklanmaklyga ýuwaş-ýuwaşden geçmek, ruhy päklige taýýarlanmak.Sport habarlary

9.Garyşyk başa-baş söweş sungatlary boýunça 34 ýaşly türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow PFL ligasynyň dowamly möwsüminde ilkinji tutluşygyny geçirer.Onuň garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo bolar. Ýagşymyradow bilen Nedonyň arasyndaky ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk 12-nji aprelde Las-Wegasda geçiriler. 10.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy mart aýyndaky türgenleşik ýygnanyşygyna we DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynyň Eýrana garşy oýunlaryna gatnaşjak oýunçylaryň sanawyny yglan etdi.Sanawdan 24 oýunçy orun aldy, olaryň hatarynda daşary ýurtlarda çykyş edýän üç oýunçy bar: Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata toparyndan Teýmur Çaryýew, Belarusyň Witebsk toparyndan Wepa Jumaýew hem-de Gonkongyň Kitçi toparyndan Ruslan Mingazow.

Ahalyň kapitany Elman Tagaýew we Arkadag toparynyň ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin şikes sebäpli öňde boljak oýunlarda milli ýygynda ýardam edip bilmezler.Mart aýynda baş tälimçi Mergen Orazowyň şägirtleri üç oýunda meýdança çykarlar: 14-nji martda Gazagystan bilen synag oýny, 21-nji martda Eýranyň milli ýygyndysy bilen Tähranda, 26-njy martda Eýran bilen Aşgabatda.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Jahankeşdeleriň sany artýar
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
Türkmenistanly atletler tomusky Aziadanyň oýunlarynda medal ugrunda bäsleşer