13.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Medeniýet Watanymyzy ösdürmegiň möhüm ugrudyr”

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda medeniýeti, döwlet ideologiýasyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly we öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp, 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýan wezipeleri munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-tehniki binýadyny doly möçberde we netijeli ulanmagyň, biziň emeli hemramyz arkaly halkymyzyň ruhy gymmatlygyny we taryhyny giňden wagyz etmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwlet özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm strategiki maksatnamalaryň many-mazmunyny döredijilikli açyp görkezmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli döwletler bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmagyň hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmagyň, ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Taryhy hakyda, milli özboluşlylyk hem-de häzirki medeniýeti täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan üznüksiz döredijilik işi Türkmenistanda geçirilýän işleriň özenini düzýär.Milli Liderimiz medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň toplumyny kesgitläp, diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, ruhy we medeni babatda hem uly kuwwata eýe bolan ýurt hökmünde döwletimiziň halkara ykrarnamasyny gazanmak maksadyny öňde goýdy. “Biz hemişe Medeniýet halkyň kalbydyr!

diýen ajaýyp ýörelgä eýerip gelýäris.Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly üns berýäris.Nesip bolsa, bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam ederis.Baý ruhy we milli medeni mirasymyza daýanyp, halkymyzyň dörediji we gurujy milletdigini bütin dünýä has giňden tanadarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Taryhy-medeni ýadygärlikleri we maddy däl mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklary artdyrmak, olary giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň jemgyýetiň ruhy we intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm ugry bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermeginde we ýakyndan goldamagynda bu ugurda işleýän hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär.Halkymyzyň özboluşly mirasy aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän ummasyz baýlyklardyr.

Türkmen ruhy däp-dessurlary dünýäniň medeni proseslerine gatnaşyp, siwilizasiýanyň iň ýokary gazananlaryny umumyadamzat gymmatlygy hökmünde kabul edýär.Döredijilik ugry Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň çäreleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol çäreler bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini wagyz etmäge, milletiň ruhy-ahlak kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär.

Durmuş we etiki şertleriň tutuş toplumy onuň görkezijisi bolup durýar. Şu ýyl medeniýetiň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän wakalara, aýdyň döredijilik forumlaryna we dürli çärelere baýdyr. Şol çäreler ýurdumyzda hem-de dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilip, olar milli mirasy wagyz etmäge we täze taryhy eýýamda biziň döwletimiziň gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmaga bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katara bolan döwlet saparyna gabatlanylyp, bu ýurtda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmekde medeniýet diplomatiýasynyň möhüm orun eýeleýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Aşgabatda Eýranyň Medeniýet hepdeliginiň, Palestina Döwletiniň Medeniýet günleriniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, bu ulgamda giňden tejribe alyşmaga ýardam etdi.Türkmenistan bilen Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hindistanyň, Meksikanyň we beýlekileriň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň barşynda ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy baradaky mesele giň beýanyny tapdy.

Biziň artistlerimiziň Astanada geçirilýän EKSPO—2017-de Türkmenistanyň günleriniň açylyş dabarasyndaky çykyşlary ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmäge ýardam etdi.Häzirki türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň parahatçylyk dörediji maksady Bütindünýä saglyk güni mynasybetli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döredijilik baýramynyň çäklerinde geçirilen uly konsert hem-de oňa gabatlanylyp guralan “Aziada—2017: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde öz beýanyny tapdy. 27-nji iýunda bellenilip geçilen Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli dürli medeni çäreler geçirildi.

Her ýyl baýramçylyga gabatlanylyp guralýan Medeniýet hepdeligi şu ýyl Aşgabatda geçirildi.Giň möçberli medeni çäräniň çäklerinde köpsanly çäreler guraldy.Hususan-da, ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de ösmegine täze kuwwaty itergi beren çäreleri geçirildi.

Häzirki wagtda medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkymyzyň täsin döredijilik däplerini üstünlikli dowam etdirmek, milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny aýawly saklamak, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmek, makalalarda, tele we radio gepleşiklerde garaşsyzlygyň gazananlaryny beýan etmek wezipesi goýuldy.

Medeniýet ulgamynda hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmekde esasy şertleriň biri başarjaň hünärmenleri, ýokary hünärli işgärleri dogry seçip almakdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, jemgyýetçilige täsir etmek üçin žurnalistleriň we medeniýet, ideologiýa ulgamynyň işgärleriniň özleri bilimli we giň gözýetimli, dünýäde ähli ulgamlarda bolup geçýän zatlardan habarly bolmalydyr, olar täzeçe pikirlenmegi we işlemegi başarmalydyr, özlerine talaby güýçlendirmelidir hem-de ähli babatda döwrüň talaplaryndan ugur almalydyr. Ýakyn geljek üçin meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de zehinli çagalaryň arasynda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigi bar.

Hormatly Prezidentimiziň baýragyny almak ugrunda her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş döredijilik işgärlerini hünär taýdan kämilleşmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlar milli medeniýetiň genji-hazynasyna çekmäge ýardam edýär.Indi ençeme ýyllaryň dowamynda mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döredijilik işgärlerine sylaglary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirilýär.

Bu bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda beýleki döwletleriň wekilleri hem bar.Munuň özi biziň ýurdumyzyň we milli medeniýetimiziň, bu ulgamda okgunly ösýän halkara gatnaşyklarynyň açyklygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.Bu sylaglar biziň dostlarymyzyň zehininiň hem-de gazanýan üstünliklerini ykrarnamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary, dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy uly şahsy goşandy üçin minnetdarlygyň özboluşly nyşany bolup durýar.

Häzirki wagtda medeni gatnaşyklar halkara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrüldi.Bu gatnaşyklar barada ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň barşynda giňden gürrüň edilýär hem-de gazanylýan ylalaşyklarda öz beýanyny tapýar.V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna gowy taýýarlyk görmeli hem-de teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamaly, teatrlarda täze oýunlary goýmaly, biziň merdana halkymyzy wasp edýän ajaýyp eserleri we aýdymlary döretmeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bu meselä aýratyn üns berilmegi örän wajypdyr, çünki, baýramlar, baýramçylyk medeniýeti milli aňymyzyň möhüm bölegidir.Halk baýramçylyklary, türkmen toýlary bilen baglanyşykly köpsanly däp-dessurlar özboluşlydyr.Halk aýdym-sazlary, tanslary, oýunlary, türkmen saçagynyň berekedi, däp bolan senetler bilen baglanyşykly bilimler we tälimler, atçylyk hem-de ajaýyp bedewleri ýetişdirmek sungaty bularyň ählisi çuň manyly türkmen baýramçylyk medeniýeti diýen düşünjä girýär.

Türkmenistanda giň möçberli baýramçylyklary hem-de gündelik medeni-köpçülikleýin işleri geçirmekde uly tejribe toplanyldy.Döwletimiz tarapyndan döredilýän oňaýly şertler gadymdan gelýän milli medeni, döredijilik däplerimiziň hil taýdan täze derejede ösmegine ýardam edýär.

Häzirki wagtda şol ajaýyp däplerimiz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.Häzirki döwrüň ýagdaýlary hem-de tehniki ösüşiň gazananlary döwrebap çözgütleri gözlemegi talap edýär. Şol çözgütler bolsa ýurdumyzyň medeni taýdan okgunly ösmegine, aň-bilim işiniň ýokary derejede geçirilmegine, türkmen ýaşlaryny döredijilik işjeňligine höweslendirmäge, milli mirasy giňden öwrenmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeler aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, wakalary beýan etmekde hem-de öz ugurlary boýunça gepleşikleri taýýarlamakda teleýaýlymlaryň arasynda bäsdeşligi saklamak möhümdir.Milli mirasy giňden wagyz etmäge aýratyn üns bermek möhümdir.

Taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halk döredijiliginiň ajaýyp eserleri hem-de aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň iň gowy nusgalary, beýleki milli gymmatlyklar şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýaýlyma berilýän gepleşikleriň ählisi çuň many-mazmuny bilen tapawutlanmalydyr we örän gyzykly bolmalydyr, raýatlarymyzy ruhlandyrmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, tejribe alyşmak babatda halkara hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek dünýä gatnaşyklar ulgamyna goşulyşan giň medeni we maglumatlar meýdanyny kemala getirmekde öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle hem medeniýet ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hem-de bu ägirt uly sport, dostluk we ruhubelentlik baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan giň möçberli işleri wagyz etmek döredijilik işgärleriniň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa telewideniýäniň wekilleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda bu ägirt uly sport baýramçylygyna ähli ugurlarda giňden taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda milli amaly-haşam sungatynyň däp bolan bezeg ýörelgeleriniň äheňinde döredilen hem-de häzirki zaman bezeg usullary esasynda kämilleşdirilen Aziada—2017-niň nyşanlary hödürlenildi.

Milli ruhy hem-de öwüşginleri örän aýdyňlyk bilen we doly möçberde şöhlelendirýän V Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryny döretmek boýunça işe Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy çekildi. Şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda Aziada—2017-niň nyşanlary, şol sanda Wepaly alabaýyň keşbi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jemgyýetçiligiň tanyşmagy hem-de ara alyp maslahatlaşmagy üçin çap edildi.

Aziada—2017-niň mowzugy ýurdumyzyň medeniýet işgärlerini we sungat ussatlaryny dürli žanrlarda, şol sanda aýdym-saz, sahna, şygryýet, şekillendiriş ugurlarynda täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.Olaryň köpüsi ýurdumyzda geçirilýän döredijilik forumlarynyň, baýramçylyk sergileriniň we beýleki çäreleriň çäklerinde görkezildi.

Aprel aýynyň birinji ongünlüginde Döwlet medeni merkeziň Mukamlar köşgünde geçirilen maslahatyň barşynda V Aziýa oýunlarynyň senasy tassyklanyldy.Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” diýen aýdymydyr.

Tutuş ýurdumyzy gurşap alan, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Azada—2017-niň açyljak gününde tamamlanýan 500 günlük atly ýöriş biziň baý medeniýetimiziň, taryhy-medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň hem-de häzirki wagtda gazanýan ajaýyp üstünliklerimiziň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Aziada—2017-niň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralar tomus paslynyň birinji aýynyň aýdyň wakalarynyň biri boldy.Mary şäherinde atly ýörişe gatnaşyjylary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan 17 çapyksuwary mähirli garşyladylar.

Olar eýýäm ýoluň 80 göterimini geçdiler. 10-njy iýunda paýtagtymyzda “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara sport media-forumy geçirildi.Maryda geçirilen dabaralar hem-de dünýäniň onlarça ýurdundan žurnalistleriň nobatdaky duşuşygy dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň sport abraýynyň esasy guraly hökmünde Aziada—2017-ä gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ünsi çekmäge hem-de hoşniýetli erk-islegiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň täze keşbini kemala getirmäge gönükdirilen giň mahabat-maglumat çäresiniň çäklerinde HHR-iň paýtagty Pekinde, şeýle hem Hytaýyň iri welaýatlarynyň biri bolan Hubeýiň merkezinde, Russiýada we Azerbaýjanda tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.

Aşgabatda geçiriljek iri sport baýramçylygy milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak boýunça geçirilen işlerde hem özboluşly beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýaz paslynda Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň arheologlar topary tarapyndan Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan diýen ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda tapylan tapyndylar uly ähmiýete eýe boldy. Şol tapyndylaryň arasynda itiň uly bolmadyk faýans şekiljigi örän täsindir.

Onda türkmen alabaýynyň tohumlyk häsiýetleri öz beýanyny tapypdyr.Daňdanakan şekiljiginiň hut Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýerinde tapylmagynyň çuňňur manysy bardyr.Bu oýunlaryň şekili hökmünde türkmen alabaýy seçilip alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işlere täze itergi bermelidir.

Ýene degişli makalalar

Guraklyga garşy ýagyş ýagdyrylýar
11.10.2017 | I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady
I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady
19.10.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy