13.11.2017 | Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýän bu döredijilik forumy iki halkyň köpugurly hyzmatdaşlygyny depginli ösdürmäge, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge bolan ymtylyşlarynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Häzirki zaman türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm düzüm bölegi bolup durýar.Bu ugurda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde işlemegiň we döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp däplerine eýerýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň halklarymyz diňe çäk taýdan goňşy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak sütünleriniň umumylygy bilen hem birleşendirler.

Häzirki zamanda bu düşünjeler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň, dostlugyň we halklaryň arasyndaky hoşniýetliligiň möhüm bölegi bolmak bilen täze many-mazmuna eýe bolýar.Iki halkyň döredijilik wekilleriniň duşuşyklarynyň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Dürli festiwallar hem-de maslahatlar, sergiler we sungat ussatlarynyň çykyşlary guralýar. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabatda özbek kinosynyň günleriniň hem-de şol ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Daşkentde we Buharada geçirilmegini bu ugurdaky soňky iri wakalaryň hatarynda görkezmek bolar.

Iki döwletiň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşyklary, türkmen we özbek halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we saklamak maksady bilen ylmy alyş-çalyşmalar işjeňleşdi. Şu ýylyň martynda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsiniň açylmagy mynasybetli geçirilen dabarada türkmen we özbek artistleriniň çykyş etmekleri, amaly-haşam sungatynyň sergisiniň guralmagy, gadymy däp-dessurlaryň we adatlaryň äheňinde sahnalaryň görkezilmegi esasynda uly baýramçylyk boldy. Şonda iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Abduganiýewiç Karimowyň ýadygärligi açyldy.

Onuň ady şeýle hem Lebap welaýatynyň merkezi köçeleriniň birine dakyldy.Daşkentde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, Özbegistanyň hökümetiniň karary esasynda özbek paýtagtynyň merkezi köçeleriniň birine şahyryň adynyň dakylmagy türkmen halkynyň ruhy mirasyna çuňňur hormat goýmagyň subutnamasy boldy. Şu ýyl hem beýik türkmen şahyrynyň saýlanan eserleri “Ile bagyş eýle” diýen at bilen özbek dilinde neşir edildi.

Belli bolşy ýaly, Özbegistanyň Baştutany bu kitabyň ilkinji nusgasyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurdy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Daşkendiň Ýaşnabat raýonynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy iki halkyň gatnaşyklarynyň berkidilýändiginiň alamaty boldy.

Türkmen we özbek halklaryny taryhy-medeni hem-de ruhy umumylyk taýdan baglanyşdyrýan gymmatlyklar, dilleriň, däp-dessurlaryň we adatlaryň ýakynlygy doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny ösdürmegiň berk daýanjy bolup hyzmat edýär.Aşgabatda iki ýurduň döredijilik wekilleriniň täze duşuşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan dabaraly açylyşyna ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Ajaýyp zalyň içinde türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny wasp edýän ajaýyp aýdym ýaňlandy, tans ýerine ýetirildi. Özbek wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Tanzila Narbaýewa döredijilik çäresine gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Ol iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde döredijilik çäresiniň ähmiýetini belledi.Bu ýere ýygnananlar kökleri müňýyllyklara aralaşýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasyň goralmagynyň, giňden wagyz edilmeginiň, parahatçylygyň we agzybirligiň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özbek we türkmen halklarynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny bellediler.

Dabara gatnaşyjylar medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna, halklarymyzyň arasyndaky taryhy taýdan ýakyn dostluk gatnaşyklarynyň berkemegine, ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegine tarap alnan ugur üçin Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Şawkat Mirziýoýewe hoşallyk bildirdiler.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Özbegistanyň sungat ussatlary çykyş etdiler.Myhmanlarymyzyň türkmen halkyna bolan mähirli duýgularynyň, ýürekdeşliginiň çuňlugyny görkezýän ajaýyp halk we estrada sazlary hem-de aýdymlary, folklor we tans çykyşlary konsertiň maksatnamasynyň özenini düzdi.

Sahnada belli halk sazandalary we aýdymçylary, meşhur wokalistler—dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri biri-biriniň yzyndan çykyş edip, zehinlerini görkezdiler.Olaryň köpüsi Türkmenistanda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli birnäçe gezek çykyş edipdiler. “Aşgabat—2017” oýunlarynyň ýapylyşynda “Farhod we Şirin” toparynyň çykyş etmegi sazly şüweleňiň ajaýyp bezegi bolupdy.

Bu gün hem tomaşaçylar olary mähirli garşyladylar.Olar folklor we milli nusgawy eserleriniň döwrebap işlenip taýýarlanan nusgalaryny ýerine ýetirdiler. Özbegistanyň öz ýurdunyň çäklerinden daşarda-da meşhurlyga eýe bolan “Nawruz” tans toparynyň çykyşy baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi.

Bu sungat doganlyk goňşy halkyň ruhy medeniýetiniň ösüşinde görnükli orun eýeleýär.Munuň şeýledigine tansçylaryň ajaýyp çykyşlaryna şowhunly el çarpyşmalar bilen mynasyp baha beren tomaşaçylar göz ýetirip bildiler.Tansçylar şadyýanlyk, mähirlilik hem-de öwüşginli lybaslar bilen tapawutlanýan özbek tanslarynyň halk nusgalaryny görkezdiler.

Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda dünýä saz medeniýetiniň hazynalaryndan bolan eserler hem ýaňlandy.Döredijilik agşamy ýerine ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalar toparynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Ýurdumyzda ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýan Özbegistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Ozodbek Nazarbekowyň ýerine ýetiren hormatly Prezidentimiziň “Leýlisaç barada rowaýat” diýen aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.

Meşhur özbek aýdymçysy türkmen we daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň Aşgabatda täze ýylyň öň ýanyndaky konsertlerine gatnaşyp eden çykyşlary bilen ildeşlerimize tanyşdyr.Biziň dostlarymyzyň konsertinde döredijiligi parahatçylyk, halklaryň jebisligi, dostluk-doganlyk taglymlary bilen baglanyşykly Magtymguly Pyragynyň şahyrana şygyrlary hem ýaňlandy.

Wokalçylaryň “Bilezigim” atly türkmen halk aýdymy esasynda eden çykyşlary konsertiň bezegi boldy.Konserte ähli gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetiren “Dostluk” aýdymy baýramçylyk çäresini jemlendi. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň baý medeni mirasy, tebigaty we zehinli adamlary hakynda gürrüň berýän foto sungatynyň sergisi ýaýbaňlandy. Özbek foto suratçylarynyň işlerinde halkyň baý däp-dessurlary öz beýanyny tapýar.

Birnäçe fotosuratlar binagärlik äheňleri bilen tapawutlanýan häzirkizaman Daşkendiniň ajaýyplygyny, şeýle hem Özbegistanyň medeniýet we sport ulgamlaryndaky gazananlaryny açyp görkezýär.Bu ýerde neşir önümleri hem görkezildi.Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeni mirasymyza bagyşlanan işlerine aýratyn orun berilýär.

Türkmen we özbek sergi gymmatlyklary biri-biriniň üstüni ýetirip, däp-dessurlaryň umumylygyny, doganlyk halklarymyzy birikdirýän ruhy köpriniň mizemezligini görkezýär.Biziň halklarymyz umumy baý we beýik taryhyň, buýsanjymyz hem-de gymmatlygymyz, dünýä ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan täsin medeniýetleriň mirasdüşerleridir. Şol gün Özbegistanyň resmi wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi.

Bu ýerde medeniýet we sungat ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.Ertir, 14-nji noýabrda döredijilik çäresiniň çäklerinde “Awisenna” kinofilminiň görkezilişi bolar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň kyssaçylary we şahyrlary duşuşar.Agşam bolsa “Watan” kinokonsert merkezinde ýene-de özbek sazlary we aýdymlary ýaňlanar.Myhmanlar üçin Aşgabadyň ajaýyp ýerleri, paýtagtymyzyň muzeýleriniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdyrmagy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri demirgazyk welaýatymyzyň merkezi bolan Daşoguzda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy
15.11.2017 | Daşoguzdaky gala-konsert bilen Özbegistanyň Medeniýeti günleri tamamlandy
Özbegistanyň Medeniýeti günleri goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynyň has-da ösjekdigine şaýatlyk etdi
Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi
Magali Leže, Resul Gylyjow, Nury Nuryýew: Berlioz we beýleki tanymal kompozitorlar barada söhbet
Izmiriň opera we balet teatrynyň solistleri Aşgabatda çykyş ederler