14.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy

2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere täze itergi berildi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde möhüm tapgyr boldy.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilen wajyp wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeler bolsa bu ulgamda oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri suwaryş suwy bilen üpjün etmek, pudaga hususy telekeçileri çekmek bilen baglanyşyklydyr.

Halk Maslahatynyň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, welaýatlardaky daýhan birleşikleriniň sürümli ýerleriniň hasabyna oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznalary döredildi. Şolardan uzak möhletleýin peýdalanmak üçin paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleri berilýär.

Bellenilişi ýaly, bölünip berlen ekin meýdanlarynyň 70 göterimden az bolmadyk bölegi bugdaý, gowaça we beýleki döwlet buýurmasyna girizilen oba hojalyk ekinlerini şertnama esasynda ýetişdirmek üçin peýdalanylmalydyr.Galan ýer böleklerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekilip bilner.

Ikinji gaznadan bölünip berlen ýer bölekleri gök-bakja ekinlerini, ýeralma, üzüm we miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Şunda, haryt öndüriji şertnamalaýyn borçnamadan artyk ýetişdiren önümini, islese, özünde galdyryp ýa-da bellenen satyn alnyş bahalaryndan döwlete tabşyryp biler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylda kabul eden çözgüdine laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we gowaçanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş bahalary ýokarlandyryldy.Bir tonna bugdaýyň bahasy iki esse — 400 manatdan 800 manada çenli köpeldildi.

Pagta babatda täze bahalar çig malyň hil taýdan häsiýetnamalaryny nazara almak bilen bellenildi.Daýhan birleşikleri hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler 10 ýyla çenli möhlet bilen ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilýärler. Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, abzallaryny we gurallaryny, ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwaryş işinde ulanylýan enjamlary, turbalary almak üçin ýyllyk bir göterim bilen karz berilýär.

Maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin bolsa ýyllyk bäş göterimlik karzlar on ýyla çenli möhletde alnyp bilinýär. Şular bilen bir hatarda, maldarçylyk hojalyklarynyň garamagyndaky fermalaryň jaýlaryny iri şahly mallar, goýunlar, düýeler we guşlar bilen birlikde, tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak, bellenen tertipde olaryň eýelerine ýer böleklerini bermek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda oba zähmetkeşlerine döwlet taýdan ýeňillikleriň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlarynyň azaldylmagyna gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini hem bellemek gerek.

Bularyň hemmesi Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky, Däneçilik hakyndaky, Pagtaçylyk hakyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynda, beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlarynda berkidilendir.Hususan-da, ekerançylara ýer üçin iň pes töleg bellenildi, olar salgyt tölemekden doly boşadyldy.

Kärendeçileri we daýhan birleşiklerini tehnika, tohumlar, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek işi hem ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar. 2018-nji ýylda ekerançylar 1 million tonnadan gowrak saýlama bugdaýy we 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagtany Watan harmanyna tabşyrdylar.

Güýzlük bugdaýyň ekişi bellenen möhletde ýerine ýetirilip, geljekki hasylyň düýpli binýady goýuldy.Zähmeti ýokary derejede mehanizmleşdirmek hem-de awtomatlaşdyrmak oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr.

Bu ulgamdaky maksada gönükdirilen çäreler oba ýerlerinde işçi hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaş işgärleri çekmäge we ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça John Deere International GmbH (Şweýsariýa) we Umaх Trade GmbH (Germaniýa) kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda soňky iki ýylda ýurdumyza täze, häzirki zaman tehnikalarynyň ýüzlerçesi gelip gowuşdy.

Bular John Deere W540 TUСANO 430 (СLAAS) däne orýan kombaýnlardyr, John Deere 9970 pagta ýygýan kombaýnlardyr, John Deere 8245R sürüm traktorlarydyr, AХOS 340 СХ (СLAAS) köpugurly traktorlardyr we beýlekilerdir. 2018-nji ýylyň noýabrynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we John Deere International GmbH kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminamada oba hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda amerikan işewürleri bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda bu işlere tehniki parkyň üstüni ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň täze nusgalary, John Deere kompaniýasynda öndürilen tehnikalar bilen ýetirmek, pudaga sanly elektron dolandyryş ulgamyny, täze tehnologiýalary we innowasiýalary girizmek, ekerançylygy mehanizmleşdirmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ýaly ugurlar hem girýär.

Bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr.Aşgabatda hem-de welaýatlarda oba hojalyk enjamlaryny we John Deeriň tehnikalaryny ulanmak hem-de abatlamak boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda okuw merkezlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Etraplarda oba hojalyk önümçiligine sanly elektron dolandyryşyň usullaryny ornaşdyrmak boýunça merkezleri döretmek bellenildi. Şular bilen bir hatarda, sebitlerde John Deeriň tehnikalaryna hyzmat etmegi we abatlamagy ýola goýmak maksady bilen, ýöriteleşdirilen abatlaýyş kärhanalaryny täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän okuw merkezlerinde John Deeriň tehnikalarynda ulanylýan iň täze tehnologiýalar boýunça okuwlary guramak, oba hojalyk önümçiliginde sanly elektron dolandyryşyň usullaryny öwretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine ýardam bermäge, ýurdumyzda şertnama esasynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap obasenagat düzümini döretmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar.

Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň her birinde naýbaşy tohumly ýaş göleleri ýetişdirmekden başlap, taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin we eti gaýtadan işläp taýýarlamaga çenli doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär.

Bu taýýar önümlere peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri, süýt, gatyk, gaýmak, ýogurt, mesge ýagy we beýlekiler degişlidir.Pomidorlar, hyýarlar, burçlar, badamjanlar, şampinýon kömelekleri, gök ekinler we beýlekiler ýetişdirilýän ýyladyşhana hojalyklary ýylyň dowamynda şäherleriň hem-de obalaryň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün edýär.

Gaplanan miwe, gök-bakja önümlerini, tebigy içgileri, dürli unaş, çörek, süýji-köke önümlerini öndürmek ýola goýuldy.Bu giň gerimli işlere döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik alan hususy işewürligiň wekilleri hem işjeň gatnaşýar.

Muňa mysal hökmünde, 2018-nji ýylda Ahal welaýatynda Guş toplumy hususy kärhanasynyň buýurmasy esasynda gurlan maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berlendigini görkezmek bolar.Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 200 tonna et öndürmäge ukyplydyr.

Häzirki wagtda fermada iri şahly mallaryň 120-si saklanylýar, geljekde sygyrlaryň sanyny 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär.Bu ýerde mallary saklamak, ýaş göleleri ýetişdirmek üçin ähli şertler döredildi.Telekeçilere uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 300 gektar ýer bölünip berildi. Şonuň 290 gektary ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmäge niýetlenendir.

Bu fermanyň zerurlyklary üçin Awstriýadan simmental tohumyndan iri şahly mallaryň 60-dan gowragy satyn alyndy.Kärhanada Beýik Britaniýadan, Awstriýadan we Ysraýyldan getirilen ýöriteleşdirilen enjamlar oturdyldy.Awtomatlaşdyrylan enjamlar bir wagtyň özünde 30 sygry sagmaga mümkinçilik berýär, şunda her sygyrdan süýdüň gije-gündizde ortaça alnyşy 22 — 25 litre ýetýär.

Onlaýn düzgüninde uzak aralykdan iri şahly mallaryň ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän mallaryň çipleşdirilmeginiň geçirilmegi fermadaky nou-haularyň ýene-de biridir.Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek ulgamynda ýöriteleşen Ajaýyp ussat halal önümler hojalyk jemgyýeti hem öz telekeçilik işini barha giňeltmegi dowam edýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal telekeçiler Bäherden etrabynda iri şahly mallaryň 2 müň 300-si saklanylýan ilkinji et-süýt toplumyny gurdular.Germaniýadan sygyrlaryň iň belli naýbaşy görnüşleri — süýt bermekde rekordlary bilen meşhur golştin hem-de süýt babatda-da, et babatda-da ýokary derejeli dürli howa şertlerine gowy uýgunlaşýan simmental tohumlary getirildi.

Fermada ownuk şahly mallaryň hem 1 müň 100-den gowragy saklanylýar.Mundan başga-da, dag eteginde Arçman daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşen 75 gektar ýerdäki bagçylykda miweli agaçlaryň 50 müň düýbe golaýy ekildi.

Açyk meýdanda bolsa bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.Ajaýyp ussat halal önümler hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan iri maldarçylyk toplumy Ahal welaýatynda kuwwatly maldarçylyk ulgamyny emele getirmegiň ýolunda ýene bir aýgytly ädim boldy.

Bu toplum ýokary hilli sygyr etini, şol sanda mermer etini öndürmäge ýöriteleşdiriler.Telekeçilere zerur ot-iým binýadyny döretmek üçin 500 gektar ýer bölünip berildi.Bu ekin meýdanynda ýorunja, däne hem-de siloslyk mekgejöwen, garpyzyň we şugundyryň ýörite görnüşleri ekilip, häzirki wagtda oňat hasyl alyndy.

Ekinleri suwarmak üçin suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamy gurnaldy.Bu ýerde, esasan, LINDSEÝ (ABŞ) kompaniýasynyň damjalaýyn usulda suwarýan enjamlarynyň 6-sy peýdalanylar.Her biri ekerançylykda 50 — 55 gektar ýeri suwarmaga niýetlenen bu enjamlar ekinleri siňňitli suwarmaga we şol bir wagtda suwy tygşytly harçlamaga mümkinçilik berýär.

Tejen etrabynda hem ýene bir maldarçylyk toplumy guruldy.Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhana her ýylda 3 müň tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir.Fermada sygyrlaryň ýerli görnüşleri bilen bir hatarda, Germaniýadan we Ukrainadan getirilen iri şahly mallaryň naýbaşy görnüşleriniň 300-den gowragy saklanylýar.

Ahal welaýatynda gurlan täze desgalaryň hatarynda meýdany 10 gektardan ybarat bolan ýyladyşhana toplumy hem bar.Onda agaçlaryň ýaprakly we pürli görnüşleri, köpýyllyk hem-de möwsümleýin güller ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhana ýylda ösümlikleriň ýarym milliondan gowragyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. 2018-nji ýylda 500 tonna ýokary hilli guş etini we 2,5 million ýumurtgany öndürmek boýunça gurlan guşçulyk toplumy hem Lebap welaýatynyň obasenagat düzüminiň üstüni ýetirdi.

Ony Çärjew etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Eşret daýhan hojalygynyň hünärmenleri gurdular.Balkan welaýatynda hem iri maldarçylyk toplumy açyldy.Bu ýerde ýylda 500 tonna et öndüriler.

Bu desganyň gurluşygy üçin Serdar etrabyndan 500 gektar ýer bölünip berildi.Ekerançylyk ýeriniň esasy bölegi ýorunja, arpa, mekgejöwen, şugundyr we beýleki ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlendirildi.Häzirki wagtda fermada iri şahly mallaryň 440-sy saklanylýar.

Telekeçiler geljekde sygyrlaryň süýt we et berýän görnüşleriniň baş sanyny 3 müňe ýetirmegi, önümleri gaýtadan işleýän bölümi açmagy maksat edinýärler.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek baradaky Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda tebigy goşundylardan ýokary hilli azyk önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň onlarçasy guruldy.

Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir obasynda gaplanan gök-miwe önümlerini — kompotlary, mürepbeleri, şireli içgileri, duza ýatyrylan önümleri öndürýän, kuwwatlylygy ýylda 1 million şertli bankadan ybarat bolan zawod açyldy.

Balkanabatda unaş önümlerini öndürýän täze gurlan zawod Italiýadan getirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.Awtomatlaşdyrylan tehnologik düzümiň kuwwatlylygy iki çalşykly iş şertinde ýylda 270 tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.Häzirki wagtda bu ýerde unaş önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli iri ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi. 10 gektar meýdanda pomidor ekildi.Kärhana ýylda sarp edijilere 1800 — 2000 tonna ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri ibermäge ukyplydyr.

Bu ýerde şitil hem ýetişdiriler.Demirgazyk sebitiň Akdepe etrabynda hem pomidor ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen şunuň ýaly ýyladyşhana hojalygy peýda boldy.Mary welaýatynda taslama kuwwaty ýylda 5 million ýumurtga we 500 tonna towuk etini öndürmekden ybarat bolan guşçulyk toplumy açyldy.

Mary etrabynda gurlan kärhananyň çäginde ýerleşen guş ketekleriniň bäşisinde bir wagtda guşlaryň 130 müňüsi saklanylar.Hususan-da, bu ýerde göz öňünde tutulan guş ketekleriniň ikisiniň her biri ýumurtga berýän towuklaryň 50 müňüsini saklamaga niýetlenendir.

Bu ýerde jüýjeleri ösdürip ýetişdirilýän jaýlar bar.Bölümleriň ählisi doly awtomatlaşdyryldy, ýörite enjamlar bilen, şol sanda amatly howany döretmäge, suwy arassalamaga ukyply enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.Murgap etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçiler tarapyndan gurlan maldarçylyk toplumy ýylda 100 tonna süýt we 100 tonna et öndürmäge niýetlenendir.

Fermada iri şahly mallaryň 750-si, şol sanda golştin görnüşli sygyrlaryň 150-si saklanylýar.Daýhanlaryň öz şahsy hojalyklarynda öndürýän azyk önümleriniň möçberiniň hem yzygiderli artýandygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, welaýatlaryň ählisinde gurlan täze görnüşli döwrebap obalary görkezmek örän ýerliklidir.

Her bir hojalykda 0,12-0, 16-ga mellek ýeri bolup, şolarda gök-bakja ekinlerini, baglary ýetişdirmek, mal we guş saklamak üçin zerur hojalyk jaýlaryny gurmak mümkindir. Şeýlelikde, oba ýaşaýjylary öz zerurlyklary hem-de bazarda satmak üçin gök önümleri we miweleri ýetişdirmek, et hem-de süýt önümlerini öndürmek mümkinçiligine eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen bir hatarda, miwe, gök-bakja önümlerini ter görnüşde saklamak ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar.Geçen ýylda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda bir wagtyň özünde 2 müň tonna miwe, gök-bakja önümlerini saklamaga niýetlenen döwrebap sowadyjy ammar ulanylmaga berildi.

Bu täze desga Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň esasy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen ulgam gök önümleriň, miweleriň görnüşlerine baglylykda sowadyjy we doňduryjy kameralarda ýylylygyň we howanyň çyglylygynyň zerur derejede bolmagyna gözegçilik edýär.

Sogan we ýeralma saklamaga niýetlenilen jaýlar aýratyn awtomatlaşdyrylan howa çalşyryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.Munuň özi önümiň harytlyk görnüşini we hilini uzak wagtlyk saklamaga mümkinçilik berer.Täze desganyň esasy bölegini sowadyjy kameralaryň 23-si eýeleýär, şolaryň 12-si miweleri, 7-si gök önümleri, 3-si öňünden doňdurmak üçin hem-de biri gaty doňdurmak üçin niýetlenendir.

Binada önümleri saýpallamak hem-de gaplamak konserwirlemek üçin awtomatlaşdyrylan enjamlar gurnaldy.Desganyň ähli jaýlary tekjeler, miweleri we gök önümleri saklamak üçin ýörite gaplar bilen üpjün edildi.Harytlary sarp edijilere ibermek hem-de ýetirmek üçin kärhanada elektrokar-ýükleýji gurallar hem-de dürli ýük göterijilikli awtorefrižeratorlar bar.

Türkmenabat şäherinde köpugurly bazaryň golaýynda bina edilen häzirki zaman sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar toplumy miwe we gök önümleriň üç müň tonnasyny kabul edip biler.Onuň desgalary 4 gektara golaý meýdanda ýerleşýär, şolaryň hatarynda 3 sany iri ammar binalary, kömekçi jaýlar, saýpallaýjy bölüm, barlaghana, arassaçylyk-durmuş maksatly bölüm bar.

Gök önüm saklanylýan desga Ýaponiýanyň we Russiýanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.Onda sowadyjy kameralaryň onlarçasy bar.Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän obasenagat önümçiliginiň bäsdeşlige ukyplylygy üçin hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniň kemala getirilmegine ýardam berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn özgertmeleri oňyn netijesini berýär.

Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, obasenagat toplumy boýunça çykarylan önümleriň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 108,4 göterime barabar boldy.

Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ýyllyk meýilnama 109,5 göterim ýerine ýetirildi.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyl iň gowy etrabyň ýa-da welaýatda etrap hukukly şäheriň adyna mynasyp bolmak boýunça bäsleşik geçirilýär.

Bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň ýeňijisi galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi, şeýle hem iş orunlary bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi medeni dynç alyş we ilaty bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär. 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça Balkan welaýatynyň Esenguly etraby ýeňiji boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, bu etrabyň häkimligi Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasyndan ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň okgunly ösüşiniň, daşky gurşawy goramagyň, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň üpjün edilmeginiň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça hem-de 2015 — 2020-nji ýyllarda Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan iri gerimli maýa goýum taslamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu meselelere berýän yzygiderli ünsüniň subutnamalarydyr.

Geçen ýyl Mary welaýatynda suw arassalaýjy desgalaryň toplumy ulanylmaga berildi, ol Tagtabazar etrabynyň ilatyny — 60 müňden gowrak adamy ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edýär. Ýaşlyk we Marçak ýerasty çeşmelerinden çykýan suw ýörite açyk görnüşli howdanlara akdyrylýar, şolaryň her biriniň sygymlylygy 3 müň kub metre barabardyr.

Tehnologiýa talaplaryna laýyklykda, suw birnäçe gezek arassalanylýar, süzgüçden geçirilýär hem-de zyýansyzlandyrylýar.Bu işleriň ählisi kompýuter ulgamy bilen dolandyrylýar.Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr agyz suwuna deň bolan toplum Çehiýadan we Türkiýeden satyn alnan sorujy enjamlar, süzgüçler we beýleki abzallar bilen üpjün edildi.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda uzynlygy 15 kilometre barabar bolan Hywaabat — Kaka suw geçirijisi ulanylmaga berildi.Bu desga BAE-niň Dew Jeneral Trading kompaniýasy hem-de ýerli Galkan hojalyk jemgyýeti tarapyndan BMGÖM-niň ýardam bermeginde bina edildi hem-de gurluşygynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar peýdalanyldy, ol suwy üç ugra: oba hojalygyna, agyz suwuna hem-de durmuşda ulanmaga bölmegi düzgünleşdirýär.

Her gije-gündizde Laýynsuw derýajygyndan bu suw geçirijisi boýunça 14 müň kub metrden gowrak (sekuntda 165 litr) suw gelýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde tarp ýerleriň 2 müň 900 gektaryny ekerançylyk üçin özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Çöllük howa şertlerinde oba hojalyk ekinlerini ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmek üçin iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär, şolar suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna ýardam berýär.

Welaýatlarda täze suw howdanlary gurulýar hem-de bar bolanlary giňeldilýär.El bilen döredilýän bu köljagazlar suw serişdeleriniň ätiýaçlyklaryny döretmäge, suwy möwsüme laýyklykda netijeli paýlamaga, has zerur bolýan döwürlerine çenli saklamaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, her welaýatda 600 gektar ekerançylyk meýdanyny damjalaýyn usulda suwarmaga niýetlenen desgalary gurmak meýilleşdirilýär.Garagum çölünde Altyn asyr Türkmen kölüniň gurulmagy ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak hem-de daşky gurşaw meselelerini çözmek boýunça ählumumy wezipelere goşýan goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Möçberi boýunça görlüp-eşidilmedik bu taslama Türkmenistan üçin hem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.Onuň amala aşyrylmagy sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň, Rio+20 Bütindünýä sammitiniň, Ýaponiýanyň Sendaý hem-de Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherlerinde 2015-nji ýylda geçirilen Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça BMG-niň Bütindünýä III we Bütindünýä VII suw forumlarynyň belent münberlerinden öňe süren döredijilikli başlangyçlary ýurdumyzyň bu strategik taýdan ähmiýetli meselede işjeň orun eýeleýändiginiň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda sebit merkezini açmak baradaky teklip hem bar.

Merkeziň işlemegi üçin türkmen tarapy zerur düzümleri döretmäge taýýardyr. Şeýle hem Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite Maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasat hem-de öňe sürülýän anyk başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň esasy maksatlary we wezipeleri bilen baglanyşyklydyr, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilige, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli ygrarly bolmak bilen, gün tertibiniň ählumumy möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar, şunda suw we ekologiýa ugurlary häzirki wagtda ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň bu ugurda giň hyzmatdaşlyga, şol sanda BMG-niň we beýleki iri guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde giň gatnaşyklara ygrarlydygyna nobatdaky tassyknamasydyr.

Maslahatda eden çykyşynda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini öz içine alýan suw meselesi halkara ylalaşygyny hem-de umumy garaýyşlar binýadynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şunda aýry-aýry bähbitler hem-de peýdalar, hakykatdan-da, ählumumy maksatlara we ileri tutulýan ugurlara öz ornuny bermelidir, suw boýunça uzak geljek üçin hereketleriň bitewi strategiýasy işlenip taýýarlanylmalydyr.

Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik, onuň adam hukuklarynyň esasylarynyň biri hökmünde ykrar edilmegi ýörelgelerine gürrüňsiz eýermek bu ugurda bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galýar.Türkmenistan bu garaýyşlaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, şu meseleleriň, birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden bolsa, halkara guramalarynyň, ozaly bilen, BMG-niň gatnaşmagynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüminiň döredilmegi, biziň pikirimizçe, bu ugurda täsirli ädimleriň biri bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Türkmenistan 2017-nji ýylda gaznanyň işiniň kämilleşdirilmegine we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ýörite işlenip taýýarlanylan, Aral deňziniň sebitiniň ýurtlarynyň geljegine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanan Konsepsiýa esasynda, Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmek bilen, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge çynlakaý çemeleşmäni görkezdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aral meselesiniň möhümliginiň Merkezi Aziýanyň çäklerinden çykandygy hemmelere mälimdir, şol sebäpli hem iri halkara guramalaryň, ozaly bilen bolsa, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda döwletara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýadyň döredilmegi zerurdyr.

Bu ugurda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.Muňa 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.

AHHG-nyň döredilmeginiň 25 ýyllygy bellenilýän döwürde geçirilýän ýokary derejeli duşuşyga Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň öň ýanynda Awazada Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 74-nji mejlisi, AHHG-ny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparynyň iş maslahaty we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, olaryň gün tertibine köpugurly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Hususan-da, Aral deňziniň sebitiniň suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak, peýdalanmak we goramak hem-de döwletara maglumatlary alyşmagy guramagyň maglumat-seljermesini üpjün etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyna garaldy.Duşuşygyň barşynda howanyň üýtgeýän şertlerinde Aralyň ýakasynda suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki hereketi, suw hojalyk, ekologiýa, durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlyk etmek meseleleri jikme-jik we düýpli ara alyp maslahatlaşyldy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini talap edýändigi babatda döwlet Baştutanlary bir bitewi pikirde boldular.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşykda öňe süren başlangyçlarynyň ençemesi hem hut şuňa gönükdirilendir.

Duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistan Aral deňzi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlady, ony Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň garamagyna berdi hem-de resminamany Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisine ýollady.

Häzirki wagtda başlanan işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygy hakynda taraplaryň — ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýanlaryň ählisiniň pikiriniň umumydygyny bellemek bolar.Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde esaslandyryjy döwletleriň milli bilermenleriniň we halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň Konsepsiýasy (dördünji tapgyr) taýýarlanyldy.

Gaznanyň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny hem-de BMG-niň tebigaty goramak konwensiýalaryny durmuşa geçirmäge, ýaşyl ykdysadyýetiň ýörelgelerini ösdürmäge we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasyny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini utgaşdyrmaga jogapkär bolan Türkmenistan hem sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa birleşmek ýagdaýyny tizleşdirmek boýunça tagallalary edýär.

Syny dowam etdirmek bilen, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň we welaýatlardaky ilatly ýerleriň töwereginde ýaşyl bagçylygy, oba hojalyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalaryny, sähradaky sazaklary hem-de kenar ýakasyndaky petdelik tokaýlary dikeltmek boýunça möhüm durmuş-ykdysady we tebigaty goramak wezipeleriniň çözülýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýylda geçirilýän bag ekmek möwsümlerine gatnaşmak bilen, ählihalk gerimine, möhüm ekologiýa, durmuş-watançylyk we raýatlyk ähmiýetine giňden eýe bolýan bu asylly işe uly üns berýär.

Türkmenistanlylaryň müňlerçesi ata-babalarymyzyň mähriban topragymyzy gülläp ösýän baglaryň we tokaýlaryň Diýaryna öwürmek baradaky arzuwlarynyň wysal tapmagyna mynasyp goşant goşup, uly ruhubelentlik bilen ýowara gatnaşýarlar.Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylda 3 million agaç nahaly ekildi. Şolaryň 1,5 milliony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygyndaky meýdanda, ýaprakly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň ýene şunça nahaly bolsa welaýat merkezleriniň we şäherleriň daş-töwereginde ekildi.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ekologiýa abatçylygynyň Diýary atly halkara ylmy-amaly maslahat tebigaty goramagyň Bütindünýä gününe gabatlanyp geçirildi.Maslahatyň işine pudaklaýyn ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň esasy düzgünleri, biodürlülik, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini gorap saklamak hem-de dolandyrmak, ýurdumyzyň aýratyn goralýan çäkleriniň ulgamyny ösdürmek ýaly bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde ekologiýa ulgamynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmeginiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Däbe öwrülen ýörelgä laýyklykda, 12-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň Halkara güni bellenildi.Bu çäre Türkmenistanyň tebigaty goraýyş syýasatyny dünýäde wagyz etmäge durnukly ösüşi we Hazar deňziniň gurşawynyň ekologiýa howpsuzlygynyň goralyşyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Baýramçylygyň maksatnamasyna ylmy-amaly maslahat, medeni aň-bilim we sport çäreleri hem girizildi. Şol gün Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji duşuşygy geçdi. Şonda dürli ugurlarda Hazarda özara hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda çykyş edip, kenarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan döredilen tebigaty goraýyş ulgamynda döwletara we hökümetara edaralarynyň arasynda ysnyşykly sazlaşygyň zerurdygyny belledi.Hususan-da, bu suw biologik serişdelerini goramak, rejeli peýdalanmak baradaky Topara we Tähran Konwensiýasynyň sekretariatyna degişlidir.

Bu guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk Hazar deňziniň biodürlüligini goramak we ekologiýa täsir edýän ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatda örän netijeli bolup bilerdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.Duşuşyk tamamlanandan soňra, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazara ýaş bekre balyjaklaryny goýbermek dabarasyna gatnaşandygy bellärliklidir.

Bu çäre kenarýaka döwletleriniň netijeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydyklarynyň özboluşly tassyklanmasy boldy.Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny, tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu ýörelgäniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy azyk bolçulygyny üpjün edýän, eksport kuwwatlygyna barha saldamly goşant goşýan peýdaly işewürlige öwrülýär.

Milli Liderimiziň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oba syýasatynyň many-mazmunynyň özeni hem hut şundan ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: Obasenagat toplumy
26.12.2018 | Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr
Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr
08.12.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binalary
17.04.2018 | Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi