14-nji fewraldan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek üçin ýygnaklar geçirilip başlaýar

14-nji fewraldan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek üçin ýygnaklar geçirilip başlaýar

13-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek esasy mesele boldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.

Mejlisiň dowamynda saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.Habar berlişi ýaly, saýlawlaryň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň milli synçylary bilen birlikde, halkara bilermenler we synçylar hem syn ederler.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere 13-nji fewralda badalga berildi. 14-nji fewraldan bolsa syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Saýlawlarda ýeňiş gazandy
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Döwrebap hukuk özgertmeleri amala aşyrylýar
Germaniýada Hristian Bileleşik Partiýalary saýlaw ýeňişini yglan etdi
Lukaşenko nobatdaky Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi